Geçen hepde içeri we daşary syýasaty amala aşyrmaga, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen özgertmeler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ugrunyň dogrudygyny we yzygiderlidigini şöhlelendirýän täze şanly wakalara beslendi.
2-nji iýulda döwlet Baştutanymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzyň öňden gelýän işewür hyzmatdaşy bolan «Buig Batiman Internasional» fransuz kompaniýasynyň şäheriň günorta böleginde bina edýän desgalaryny gözden geçirdi. Bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanşyp, hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň ekologiýa ýagdaýynyň zerur derejede saklanylmagy üçin ýaşyl zolaklaryň, seýilgähleriň döredilmegine ünsi çekdi. Täze ýaşaýyş toplumy ak mermerli Aşgabadyň keşbi bilen hem sazlaşmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.
3-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy. Onda ýurdumyzda hereket edýän kadalaşdyryjy-hukuk namalara yzygiderli gözegçilik etmek, harby gullukçylaryň birkemsiz gulluk etmegi hem-de ýaşamagy üçin mynasyp şertleri döretmek ýaly wezipelere seredildi.
5-nji iýulda hormatly Prezidentimiziň geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Mejlisde durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň barşyna baha berildi, hökümetiň, aýry-aýry ministrlikleriň, sebitleriň dolandyryş edaralarynyň işiniň netijelerine, guramaçylyk meselelerine garaldy, ikinji ýarym ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 1-nji iýulyna çenli Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 103,5 göterim, çykdajy bölegi bolsa 84,9 göterim ýerine ýetirildi.
Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Permana gol çekdi,resminama laýyklykda, 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi 10 göterim ýokarlandyrylar.
Milli Liderimiziň Buýrugyna laýyklykda, 2019 — 2020-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet apparatynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak boýunça okuwlara diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy we Türkmenistanyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy, bu bilim edaralaryna okuwa kabul etmek boýunça Döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy.
Halkara wakalara geçmek bilen, geçen hepdede DIM-de Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda işleýän agentlikleriniň hem-de ýöriteleşdirilen edaralarynyň baştutanlary we wekilleri bilen duşuşyk geçirilendigini bellemelidiris. Duşuşygyň dowamynda 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda bilelikde geçirilen işleriň netijeleri jemlenildi, öňdäki döwür üçin hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawoddan Owganystanyň ilatyna ynsanperwer kömek hökmünde iberilen, ekologiýa taýdan arassa benziniň we suwuklandyrylan gazyň uly tapgyry Akina demir ýol bekedine baryp ýetdi.
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Hytaýyň demirgazyk-gündogaryndaky Çançun şäherinde döredijilik saparyna üstünlikli başlady. Almaty şäherinde (Gazagystan Respublikasy) bolsa her ýyl guralýan «Gusman Kosanowyň ýadygärligine» bagyşlanan halkara ýeňil atletika ýaryşynda biziň türgenlerimiz medallaryň üçüsini — 200 metr aralyga ylgamakda altyn we bürünç medallary, ýekedabany uzaklyga zyňmakda kümüş medaly gazandylar.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiziň ýöredýän öňdengörüjilikli syýasatynyň netijelidigini we döredijiliklidigini nobatdaky gezek görkezip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy sazlaşykly ösdürmegiň aýdyň beýanyna öwrüldi.
“Nesil” gazeti,
11.07.2019ý.