Ýaşlar beýik maksada — ýurdumyzy bilimler mekanyna öwürmäge gönükdirilen beýik işlere gowy okamak, döredijilikli zähmet çekmek, gurmak, döretmek, ylym-bilim dünýäsine çuňňur aralaşmak bilen mynasyp goşant goşmalydyrlar.
Ýaşlar milli ýörelgelerimize berk eýermelidirler.
Eziz ýaşlar! Beýik Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy pugtalandyrmak, mizemez döwletimiziň belent at-abraýyny goramak we barha artdyrmak üçin siziň etmeli işleriňiz örän köpdür.
Päk göwünli, arassa bedenli, maksatlary aýdyň ýigitlerimiziň we gyzlarymyzyň ýaşlykdan sporta bolan endigi özlerinde terbiýelemegi olaryň uzak hem-de sagdyn ömür sürmegi üçin zerurdyr.
Okuwçylar we talyp ýaşlar döwletimiziň mundan beýläkde gülläp ösmeginiň — röwşen geljegimiziň hatyrasyna amala aşyrylan beýik işlere gowy okamak, çuň bilim almak we hünär öwrenmek bilen jogap berip, Watanymyzyň mynasyp ogul-gyzlary bolmalydyrlar.
Biz ýaşlar baradaky döwlet syýasatymyzy kabul edilen we hereket edýän milli kanunçylyk namalary we ýaşlara niýetlenen ýörite ýörelgeler esasynda durmuşa geçirýäris.
Bagtyýar çagalar biziň beýik geljegimize bolan ynamymyzdyr, döwletimiziň kuwwaty we şan-şöhratydyr!
Mähriban körpeleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, talabalaýyk terbiýelenmegi, oňat bilim almagy jemgyýetimiziň we döwletimiziň ösüşiniň kepilidir.
Biziň ýaşlarymyz giň aň-düşünjesi, ylym-bilimi, eziz Diýarymyza we mähriban halkymyza egsilmez söýgüsi hem-de buýsanjy bilen ata Watanymyzyň at-abraýyny, mertebesini we şan-şöhratyny has-da beýgeltmelidir.
Türkmenistanyň beýik geljegi ýaşlarymyzyň bagtyýarlygy we kadaly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr.
Türkmen ýaşlarymyz hemişe dostluk, doganlyk ýörelgelerine eýermelidir. Bu iki düşünje jemgyýetimiziň asudalygyny, halkymyzyň agzybirligini, Garaşsyz Watanymyzyň ösüşini üpjün edýän uly güýçdür.
“Nesil” gazeti,
24.08.2019ý.