DÖWLET ÄHMIÝETLI ŞAN­LY WA­KA­LAR

20-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi ýurdumyzyň ýangyç-energetika ulgamynda durmuşa geçirilýän birnäçe taslamalar, şeýle hem geçen sekiz aýda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň alyp barýan işleriniň netijeleri hem-de bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» durmuşa geçirilişiniň meselelerine ünsi çekip, türkmen ýalpaklygynyň hem-de Hazaryň kenarýaka zolagynyň geljegi uly känlerini gözläp tapmak, olary senagat taýdan özleşdirmek we enjamlaşdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy. Bellenilişi ýaly, bu sebit ägirt uly energetika kuwwatyna eýedir, munuň özi dünýäniň işewür toparlary bilen netijeli gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we energetika toplumlaryna, jemagat hojalygy düzümlerine gözegçilik edýän orunbasary döwlet Baştutanymyzyň öňünde ýurdumyzyň seýsmiki taýdan howply zolaklarynda seýsmiki töwekgelçiligi peseltmek maksatnamasyny ýerine ýetirmek, şeýle hem Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmik ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň täze edara binasyny gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi we institutyň täze edara binasynyň ýerleşiş çyzgysyny, şekil taslamasyny hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmik ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň täze edara binasynyň taslamasy bilen tanşyp, wise-premýere ony gutarnykly işlemegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň senagat we kommunikasiýa toplumyna gözegçilik edýän orunbasary «Türkmensenagat» agentliginiň edara-kärhanalarynyň işini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem deňizçilik okuw merkezini açmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň binýadynda döwrebap hem-de ugurdaş käriň hünärmenlerini taýýarlamak üçin ýörite tälim beriş enjamlar bilen enjamlaşdyrylan Deňizçilik okuw merkezini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňini dowam edip, Hazar deňziniň sebitinde hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň, deňizde ylmy-barlaglary geçirmegiň, deňiz ugurly hünäriň hünärmenleriniň taýýarlanylmagy we deňizçilik okuw merkeziniň döredilmegi boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmegiň zerurdygyny nygtap, şunuň bilen baglylykda, wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda-senagat toplumy boýunça orunbasary bazar gatnaşyklarynyň esasynda ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek hemde döwlet Baştutanymyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mümkinçiliklerini bu pudaga netijeli çekmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, syýahatçylyk ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, bu pudakda kiçi we orta telekeçiligi höweslendirmek, daşary ýurtly syýahatçylaryň has köp sanlysyny çekmek üçin zerur şertleri döretmek hem-de syýahatçylygy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň has girdejili pudaklarynyň birine öwürmek meselelerine wise-premýeriň ünsüni çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamy boýunça orunbasary döwrebap tehnologiýalary we enjamlary ornaşdyrmagyň hasabyna lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmek bilen baglylykda, saglygy goraýyş ulgamynyň edaralarynyň birnäçesini, hususan-da, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara saglygy goraýyş-anyklaýyş, Halkara iç keselleri hem-de Halkara «Ene mähri» merkezlerini döwrebaplaşdyrmak barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz lukmançylyk ylmynyň iň soňky gazananlaryna hem-de lukmançylyk tehnikasy ulgamynda öňdebaryjy işläp taýýarlamalara laýyklykda, saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmegiň wajypdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary şu günler alnyp barylýan işler hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede guramak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz dabaraly çäreleriň ählisiniň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şol çäreleriň her biri ähmiýetli, many-mazmunly bolmalydyr hem-de toý toýlamagyň milli däplerine laýyk gelmelidir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şol däpler täze öwüşgine eýe boldy.

Döwlet Baştutanymyz Merkezi bankyň başlygyna hem-de Mejlisiň Başlygyna mynasyp adamlary sylaglamak üçin Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan ýubileý medalynyň hem taslamasyny taýýarlamagy tabşyrdy we bu şanly baýramçylygy geçirmegiň anyk çäreleriniň bolsa şanly waka golaýlaşanda doly kesgitleniljekdigini nygtady.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy bolmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny hemişe ýerine ýetirip gelýär. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz dürli taryhy ýagdaýlara görä raýatlygy bolmadyk 863 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakyndaky Permana gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlaryň ählisine bir aýyň dowamynda pasportlaryň berilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň hem-de berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

“Nesil” gazeti,

24.09.2019ý.