DÖWREBAP DESGALAR — BAGTYÝAR GELJEK

2-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň käbir agzalarynyň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, iri gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Iş saparynyň barşynda milli Liderimiz Çandybil şaýolunyň ugrunda täze gurulýan desgalara tarap ugrady. Ilki bilen, bu ýerde Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň görkezen taslamalary, şol sanda Halkara estetiki bejeriş merkeziniň gurluşygy alnyp barylýan taslamalary hem-de paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän saglygy goraýyş ulgamynyň beýleki desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy.

Halkara estetiki bejeriş merkezi barada aýdylanda, onuň gurulmagy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny hasda berkitmäge, ilata dogabitdi ýa-da soň dörän kemçilikleri, zeper ýetmeleri we şuňa meňzeşleri aýyrmak boýunça ýokary hilli hyzmatlary ýerine ýetirmäge niýetlenendir. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz şäheriň şu ýerinde gurulýan «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň binasyndaky işler bilen tanyşdy. Desgany bina edýän «Bouygues Batiment International» fransuz kompaniýasynyň wekili degişli taslamalary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. Şeýle hem bu ýerde «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň binasy gurulýar.

Gurluşyklaryň ýokary hil derejesiniň hemde desganyň bellenen möhletinde ulanylmaga tabşyrylmagyny üpjün etmegiň zerurdygyna «Bouygues» kompaniýasynyň wekiliniň ünsi çekildi. Şunda milli binagärligiň ileri tutulmalydygy, yşyklandyryş işleriniň bildirilýän talaplara laýyklykda ýerine ýetirilmelidigi tabşyryldy.

Şeýle-de Halk Maslahatynyň Diwanynyň, Maslahatlar merkeziniň binalar toplumynyň gurulýan ýerine gelen döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň şu böleginde binalar gurlanda, ýerli tebigy aýratynlyklar göz öňünde tutulmalydyr — tebigatyň dag görnüşleri we häzirki zaman täze gurluşyklary biri-biri bilen sazlaşmalydyr diýip nygtady. Maslahatlar merkeziniň binalar toplumy bäş gatdan ybarat bolup, 47 müň 464 inedördül metr meýdany tutýan bu uly göwrümli bina 93,7 müň inedördül metr ýerde ýerleşýär. Desganyň beýikligi 38,65 metre, ini bolsa 190 metre deňdir.

Milli Liderimiz gurluşygy alnyp barylýan täze «Arkadag» kaşaň myhmanhanasynyň ýanyna geldi. Bu bina ähli ölçegleri — gurluşygyň hilinden başlap, üpjünçiligine we bezelişine çenli ýokary halkara ölçeglere hem-de şeýle desgalara bildirilýän talaplara laýyk gelmelidir. Kaşaň myhmanhananyň binasy ýarym aýlaw şekilli bolup, ol Arçabil we Çandybil şaýollarynyň arasynda, 22,9 gektar meýdanda ýerleşer. Onuň düzümine otel, Işewürlik merkezi we Apart oteli girýär. Binalar bezelende milli türkmen nagyşlary we beýleki bezeg serişdeleri ulanylar. Şeýle-de myhmanhananyň meýdançasynda gidropark bilen birleşýän uzynlygy 725 metr bolan derýa, emeli köl, açyk howuz, çüwdürimler, tomusky restoran we kafe ýerleşdiriler. Şunuň bilen birlikde, taslama uzynlygy 600 metr bolan awtomobil ýoluny öz içine alýar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, täze gurulýan ähli binalar paýtagtymyzyň şu böleginiň ajaýyp binagärlik toplumy bilen utgaşyp, bu ýerde ozal gurlan desgalar we şäher gurşawy bilen sazlaşmalydyr.

Hökümet münberiniň ýanynda döwlet Baştutanymyz bu taslamanyň durmuşa geçirilişiniň barşyny gözden geçirip, hususan-da, ony bezemek we ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak bilen bagly tabşyryklary berdi. Bu desganyň umumy meýdany 20 müň 450 inedördül metre barabardyr. Onuň töwereginde 47 müň 324 inedördül metr meýdan abadanlaşdyrylar. Gündogarda köşk gurmak usulynda gurulýan bina Prezident münberini hem-de 2 müň orunlyk myhmanlar üçin münberi özünde jemleýär. Desganyň öň ýüzündäki böleginiň beýikligi 30 metre deňdir, mundan başga-da, onuň iň ýokarky gatynyň beýikligi 2,55 metre barabardyr. Münberiň ini 160 metrdir, şeýle hem bu ýerde dikuçar meýdançasy göz öňünde tutulypdyr.

Iş saparynyň netijelerini jemläp, milli Liderimiz hökümet agzalaryna, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna hem-de Aşgabat şäheriniň häkimine ýüzlenmek bilen, paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek, şäheriň durmuş üpjünçilik ulgamlarynyň sazlaşykly we toplumlaýyn işlemegini üpjün etmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Ilat üçin amatly şertleri döretmek bilen, binalary ygtybarly we owadan gurmagyň, geljege niýetlenen döwrebap düzümleri kemala getirmegiň baş talap bolup durýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz hemmelere öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

“Nesil” gazeti,

05.10.2019ý.