MÖW­SÜM­LE­ÝIN MÖ­HÜM IŞ­LE­RIŇ ÄH­MI­ÝE­TI

Hormatly Prezidentimiz 14-nji oktýabrda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň birnäçe ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Milli Liderimiz göni wideoaragatnaşyga, ilki bilen, Aşgabat şäheriniň häkimini çagyrdy. Häkim paýtagtymyzda işleriň ýagdaýy, ony abadanlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler, dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy, gyş möwsümine taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz gyş möwsüminiň ýakynlaşmagy bilen baglylykda, paýtagtymyzyň häkimliginiň ýolbaşçysyna ýaşaýyş jaýlarynda, mekdeplerde we çagalar baglarynda ýyladyş ulgamlarynyň, umuman, şäheriň inženerçilik-tehniki ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegini, jemagat hojalygy gulluklarynyň sazlaşykly hereket etmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra milli Liderimiz göni wideoaragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimini çagyrdy. Häkim sebitde işleriň ýagdaýy, möhüm oba hojalyk möwsümleriniň — güýzlük däne ekişiniň we pagta ýygymynyň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatyň obasenagat toplumynyň öňünde goýlan esasy wezipelere ünsi çekip, geljekki bugdaý hasyly üçin ygtybarly binýady döretmek üçin ekişi agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmek hem-de daýhanlaryň tutanýerli zähmeti bilen ýetişdirilen pagtany ýitgisiz ýygnap almak üçin möwsümleýin oba hojalyk işlerini talabalaýyk hem-de gysga wagtda guramaçylykly geçirmegiň ähmiýetini belledi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän maslahatyň barşynda Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatynyň häkimleri sebitdäki alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möhüm oba hojalyk möwsüminiň barşy, güýzlük bugdaý ekişini hem-de «ak altyn» möwsümini ýokary hilli we guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän çäreler, Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, oba hojalyk pudagynyň kuwwatyny has doly ulanmak boýunça wezipeleriň çözülmegine ünsi çekip, dowam edýän bugdaý ekişine hem-de pagta ýygymyna gatnaşýan düzümleriň, kabul ediş bölümleriniň we gaýtadan işleýän ulgamyň kärhanalarynyň yzygiderli işini üpjün etmäge degişli meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de ýurdumyzda şanly senelere bagyşlanan dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini nygtady.

Soňra milli Liderimiz wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezowy çagyrdy, ol Senagat işgärleriniň gününe bagyşlanyp geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu baýramçylyk oktýabr aýynyň üçünji ýekşenbesinde — şu aýyň 20-sinde belleniler.

Döwlet Baştutanymyz maslahaty dowam edip, sanly wideoaragatnaşyga «Türkmenhowaýollary» agentliginiň ýolbaşçysyny çagyrdy. Ol bu ugurda geçirilýän işler, şeýle hem Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy agentligi (EASA) tarapyndan uçuşlaryň howpsuzlygynyň üpjün edilişine geçirilen gözegçilik işleri boýunça taýýarlanan maglumat barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, geçirilen barlaglaryň jemleri boýunça ýurdumyzyň baş «howa derwezesi» — Aşgabadyň Halkara howa menzili Türkmenistanyň ulag ulgamynda ähli babatda nusgalyk toplum diýlip ykrar edildi. Onuň önümçilik kuwwatlyklarynyň uly ätiýaçlyklary bolup, daşalýan ýükleriň möçberini we gatnadylýan ýolagçylaryň sanyny artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Milli Liderimiz «Türkmenhowaýollary» agentliginiň hojalyk hasaplaşygynda işleýändigini nazara almak bilen, wise-premýere agentligiň ýolbaşçylary bilen Ýewropa Bileleşiginiň şäherlerine dürli ugurlar boýunça gatnawlary amala aşyrmak meselesini düýpli öwrenmegi tabşyrdy.

Soňra sanly wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow çagyryldy. Wise-premýer ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň berjaý edilişi, şol sanda pudagyň maddy-tehniki binýadyny has-da kämilleşdirmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň ätiýaçlyk şaýlaryny we enjamlaryny satyn almagy hakynda» Kararyň taslamasy milli Liderimiziň garamagyna hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz suwuklandyrylan gazyň we esasy nebit önümleriniň öndürilişini mundan beýläk-de artdyrmak, nebitiň hem-de gazyň täze ýataklaryny gözlemegiň we ýüze çykarmagyň hasabyna pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak babatda degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk hem-de öňlerinde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw etdi.

“Nesil” gazeti,

17.10.2019ý.