26-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine birnäçe resminamalaryň taslamalary, şeýle hem döwlet syýasatynyň möhüm meseleleri girizildi.
Milli Liderimiz mejlisi açyp, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. DIM-niň ýolbaşçysy Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi saparyna görül- ýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şeýle-de hasabatyň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri indiki aýda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky Hökümet wekiliýetiniň Italiýa Respublikasyna meýilleşdirilen resmi saparyna taýýarlyk görlüşi barada habar berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Buýrugyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigini nygtap, hödürlenen Buýruga gol çekdi we ony elektron resminama dolanyşyk ulgamy arkaly wise-premýere, daşary işler ministrine iberdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz göni sanly wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowy çagyrdy. Wise-premýer «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» iş ýüzünde durmuşa geçirilişi barada, şol sanda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, onuň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini çekmekdäki işleriň ýagdaýy we şunuň bilen baglylykda, bu transmilli energiýa geçirijisiniň türkmen böleginde alnyp barylýan gurluşyk işleri barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, TOPH taslamasynyň möhüm ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi. TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň barşyny we umuman, bu taslamanyň amala aşyrylyşyny hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz degişli wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra milli Liderimize Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek boýunça Aşgabat şäheriniň etraplarynda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş şäherinde ýaýbaňlandyrylan ähli işleriň ýokary hilli hem-de toplumlaýyn esasda guralmalydygyny, şunda bezeg we ekologiýa meselelerine aýratyn üns berilmelidigini nygtady. Milli Liderimiz geljegi nazara almak bilen, Aşgabady ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge oýlanyşykly çemeleşmegiň zerurdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz öňümizdäki şanly senäniň ýurdumyz üçin taryhy ähmiýete eýedigini aýdyp, ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, degişli düzümleriň işini sazlaşykly utgaşdyrmagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň IT meýdançasyny açmak üçin alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hasabata görä, institutyň binýadynda hojalyk hasaplaşygy esasynda hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça meýdançany döretmegiň taslamasy taýýarlanyldy. Bu ýerde hünärmenlere hem-de talyplara diňe bir hünär derejesini ýokarlandyrmak we tehnologiýa babatynda bilim derejesini artdyrmak däl-de, tejribe alyşmak, şeýle-de programma üpjünçiligi ulgamynda okuw geçmek mümkinçiligi dörediler.
Milli Liderimiz wise-premýere IT meýdançalaryny döretmek meselesiniň üstünde işlemegi dowam etdirmegi tabşyryp, munuň bilen birlikde, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny binagärlik taslamalary işläp taýýarlamaga, olary durmuşa geçirmäge çekmegiň zerurdygyny hem belläp geçdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça hormatly Prezidentimiziň Italiýa Respublikasyna boljak resmi saparynyň çäklerinde Milan şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän işewürler maslahatyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Işewürlik duşuşygynyň çäklerinde ýurdumyzda öndürilýän önümleriň sergisini guramak göz öňünde tutulýar.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergini we ylmy maslahaty geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň, professorlarynyň gatnaşmaklaryna we bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen resminamalaryň gol çekilmegi meýilleşdirilýän ylmy maslahatyň maksatnamasy hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlenildi.
Soňra döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermegiň Tertibi barada hasabat berdi.
Şeýle-de 5 — 7-nji noýabr aralygynda Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri barada habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz öňümizdäki çäreleriň ähmiýetini belläp, wise-premýere meýilleşdirilen dabaralary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek meselelerini üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew oba hojalygynda özgertmeleriň geçirilişi, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere oba hojalygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Yzygiderli durmuşa geçirilýän oba hojalyk özgertmeleriň çäklerinde görülýän çäreler ýurdumyzyň bu pudagyny ýokary düşewüntli ulgama öwürmelidir diýip, milli Liderimiz nygtady.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň gaýragoýulmasyz wezipelerini nazara almak bilen, parlamentiň kanunçylyk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça alyp barýan işleri barada habar berdi.
Häzirki wagtda hereket edýän kanunçylyga seljerme işleri geçirilip, Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň we Raýat kodeksiniň rejelenen görnüşleriniň taslamalaryny taýýarlamak hem-de üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek talap edilýän birnäçe kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün etmegiň bähbidine alyp bar- ýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
29.10.2019ý.
“Nesil” gazeti