SAHAWATYŇ ÜÇIN SAG BOL, ARKADAGLY SERDARYMYZ

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkyň arkadagly zamanasy ýylymyzyň her bir güni bedew bady bilen öňe barýar. Hemmämize mälim bolşy ýaly 2019-njy ýylyň 10-njy aprelinde Gahryman Arkadagymyz Ahal welaýatynyň dolandyryş-merkeziniň-täze şäheriniň düýbini tutmak dabarasyna gatnaşypdy. Ynha 2022-nji ýylyň 21-nji dekabrynda “Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda” Täze ýylyň öň syrasynda ýurdymyzda uly taryhy şanly waka boldy.

 Gadymy Ahal ili bolan, Gadymy ahal topragynda Türkmen tebigatyň iň gözel ýerleriň birinde- Köpetdagyň eteginde bolan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine Arkadagly Serdarymyzyň şa gadamy düşdi.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan desgalaryň taslamalaryna garaldy. şeýle-hem Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini “Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri” diýip atlandyrylmagy, Welaýat kitaphanasyna “Döwletmämmet Azady adyndaky Ahal welaýat kitaphanasy” adyny dakmak, Drama teatryna “Ahal welaýatynyň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry” adyny dakmak we –birnäçe bilim ojaklaryna şahsyýetlerimiziň atlaryny dakmak, Medeniýet we sungat işgärlerine”Türkmenistanyň at gazanan artisti” diýen hormatly at dakylmagy Ahal ilini,  hususanda Türkmen ýaşlarynyň başyny göge ýetirdi.

Gahryman Arkadagymyzyň: “Gurmak döretmek adamzadyň durmuşyny gözeleşdirýär” diýip belleýşi ýaly, bu günki günde Türkmenistan döredýän, gurýan, kuwwatly döwletleriň birine öwrüldi. Gurluşyk pudagy, döwletimiziň üstünlikli durmuşa geçirilýän ykdysady, syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Täze taryhy döwletimizde eziz diýarymyzyň ähli künjeklerinde iri möçberli şähergurluşyk taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hususan-da Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurulmagy, bu ýerde ilatyň ähli amatlyklaryň hözürini görüp ýaşamagy, netijeli işlemegi we okamagy, göwnejaý dynç almagy, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy, üçin ähli mümkinçilikleriň üpjün edilmegi ýurdumyzda adam hakyndaky aladanyň ileri tutulýandygynyň, aýdyň subutnamasy bolup dur.

Hemmämize mälim bolşy ýaly Ahal welaýatynyň edara kärhanalarda, jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän Ýaşlar, Ahal welaýatynyň raýatlary üçin ýatdan çykmajak şanly wakalaryň biri boldy. Bu ajaýyp taryhy waka mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki Medeniýet öýünde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara-ediş merkezine “Arkadag şäheri” diýip atlandyrmagy mynasybetli “Sahawatyň üçin sag bol, Arkadagly Serdarymyz” diýen at bilen hoşallyk maslahaty geçirildi.

Maslahatda medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary şatly şowhuna beslendi. Bu dabara Halk maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, il sylagly ýaşulular, eneler, welaýat häkimliginiň etraplaryň degişli wekilleri, edara kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

 

Mähri GURDOWA,

TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň

umumy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA