Asyrlaryň synagyndan geçip, ata-babalarmyzdan miras galan we şu günlermize gelip ýeten milli oýunlarmyzyň ýaş nesillermizi terbiýelemekde ähmiýeti juda uludyr. Milli oýunlar ýaş çagalaryň pikirleniş duýgularyny artdyrypdyr, ýatkeşligini ösdüripdir. Şeýle oýunlaryň hatarynda ýaşlaryň we çagalaryň söýgüli oýunlary bolan “altyn gabyk”, “aşyk oýny”, “ýedi top”, “gizlenpeçek”, “çilik”, “bukuldym”, “gyzyl taýak”, “düzzüm”, “ýaglyga towusmak”, “ok ýaý”, “göreş”, “keçe-keçe”, “aýterek-günterek” we başga-da birnäçe oýunlary görkezmek bolar. “Aşyk oýny” çagalarda çalasynlygy, sabyrlylygy, düzgün-tertibi, nyşana almak başarnygyny terbiýelese, “ýedi top” oýny çydamlylygy, batyrlygy, ýagdaýdan çykalga tapyp bilmekligi, maksadalaýyk hereket etmekligi terbiýeleýär. Iki toparyň arasynda ýaryşmak häsýetli oýun bolan “aýterek-günterek”, “gizlenpeçek” ýaly oýunlar çagalaryň ugurtapyjylygyny, öz toparynyň abraýy üçin jogapkärçilik duýgusyny artdyrýar. Garaz, çagalaryň hemişe eý görüp oýnaýan oýunlarynyň her biriniň özboluşly aýratynlyklary bar. Halkymyzyň milli oýunlary häzirki günlermizde hem toý-baýramlarymyzy bezeýär. Çagalar oýunlara hemişe höwesek. Oýunlaryň bar ýerinde şatlyk-şowhun, hereket bar. Bilişimiz ýaly, hereketiň bolan ýerinde bolsa saglyk bar. Bu işlerde milli oýunlarymyzyň ähmiýeti uludyr. Türkmen milli oýunlaryny çagalaryň, ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize alkyş aýtýarys.
Beýzaly ATAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň
umumy bölüminiň esasy hünärmeni.