“ASYLLY ÝÖRELGE DOWAMAT-DOWAM”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara, ösüş-özgertmelere, mahlasy, ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. 21-nji dekabrda hormatly Prezidentimiziň Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirmegi we onuň barşynda örän ähmiýetli  resminamalara gol çekmegi, şeýle-de şol taryhy günde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Karary esasynda täze şähere Arkadag adynyň dakylmagy buýsanjymyzy goşalandyran taryhy wakalara öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň baharynda Gahryman Arkadagymyz Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň—täze şäheriň düýbüni tutdy. Häzirki wagtda dowamaty dowam bolup gelen Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda batly depginde gurluşygy dowam etdirilýän döwrebap şäheriň binagärlik keşbinde Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşi, ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň guralşynda milli mirasymyz, ruhy gymmatlyklarymyz, halkymyzyň köpasyrlyk baý taryhy we medeni däpleri öz beýanyny tapýar. Ynha, şu taryhy günlerde, Täze ýylyň öňüsyrasynda Arkadagly Serdarymyzyň Şa gadamynyň Gadymy Ahal topragynda,  Köpetdagyň eteginde gurulýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine düşmegi biz—ýaşlary has-da begendirdi, buýsandyrdy. Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine we gurulýan desgalara döwrebap atlaryň dakylmagy şatlygymyza şatlyk goşdy. Ylaýta-da, Gahryman Arkadagymyzyň bitirýän beýik hyzmatlaryna çäksiz sarpanyň, guwançdyr buýsanjyň beýany hökmünde  welaýatymyzyň merkezi şäherine—“akylly şähere” Ahal welaýatynyň “Arkadag adynyň dakylmagy biz ýaşlaryň ýüreginde buýsanç duýgusyny oýardy, watançylyk ruhumyzy belende göterdi. Şeýle-de Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde gurulýan desgalara döwrebap atlaryň dakylmagy, beýik şahsyýetlerimize, sungat ussatlarymyza goýulýan hormat-sarpanyň uludygyna aýdyň subutnama boldy. Munuň özi  biz ýaşlara nusga alarlyk görelde mekdebi bolup durýar. Ahal welaýat häkimliginiň, welaýatyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşginde “Arkadagyň şäheri – zamananyň binagärlik nusgasy” ady bilen maslahat duşuşugy geçirildi. Bu maslahat duşuşygyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiň, Ahal welaýat häkimliginiň we welaýatyň iri jemgyýetçilik guramalary ýaşlar gatnaşdylar.

Dabaraly maslahatda Täze ýylyň öňüsyrasyndaky günlerde ýurdumyzy gurşap alan şanly wakalar barada söz açylyp, köpetdagyň eteginiň gözel künjeginde gurlan täze şähere Arkadag adynyň berilmegi, ol ýerde bina edilen medeniýet bilim ojaklaryna we beýleki desgalara şahsyýetleriň atlarynyň dakylmagy bilen bagly ýürek buýsançly gürrüň edildi.

Gahryman Arkadagymyzyň 24-nji dekabrda Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp Arkadag şäherinde bolmagy we täze şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna başlamaga Ak pata bermegi ulus-ilimiziň şatlygyna şatlyk goşdy-diýip, dabaraly maslahatda çykyş edenler bellediler hem-de halkymyzy eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşatmak ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Döwlet HOJAMÄMMEDOW,

TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň

umumy bölüminiň esasy hünärmeni.

Öňki makala

“MILLI OÝUNLAR”

Indiki makala

EL HÜNÄRI –IL GEZER

Meňzeş habarlar

09 Iýul 2025 | 37 okalan

ÇAGALAR ERJELLIGINI GÖRKEZDILER

09 Iýul 2025 | 32 okalan

ÝARYŞ GÜÝÇLÜLERI SAÝLADY