EL HÜNÄRI –IL GEZER

Ene–mamalarymyzdan şugünki ýaş nesillere türkmeniň halyçylyk, nepis keşdeçilik, keçeçilik sungatlaryny ýetirmek maksady Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň gurnamagynda etrabymyzyň oba ýetginjek gelin-gyzlarynyň arasynda “El hünäri- il gezer” ady bilen söhbetdeşlik, duşuşyk çärelerini yzygiderli geçirilip durulýar. Şol çärelere kümüş saçly mährem käbelerimiz gatnaşyp özleriniň on barmagynyň hünäri bolan halynyň dokalyşy, keşdäniň inçe syralaryny, keçäniň güllenilişi, basylyşy hakynda içgin tanyşdyryp bugünki ýaş nesillere ýetirmegi bolsa gadymdan gelýän milli el işlerimiziň has-da kämilleşmegine itergi berýär. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Serdarymyza köp-köp sag bolsunymyzy aýdýarys. Goý Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin.

 

Tylla MEÝDANOWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Gökdepe

etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA