ENE TOPRAGA SÖÝGINIŇ BAÝRAMÇYLYGY

Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy.

Ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegi bagtyýar Watanymyzyň diňe bir görküne görk goşmak bilen çäklenmän, eýsem, ekologiýa abadançylygynyň möhüm şertidir. Hut şundan ugur alnyp, 9-njy noýabrda Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda güýzki bag ekmek dabarasyna badalga berildi. Tutuş ýurdumyz boýunça geçirilen bu dabara watandaşlarymyzyň joşgunly zähmetiniň hakyky baýramçylygyna, milli Liderimiziň döredijilikli başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde türkmen halkynyň ruhubelentliginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda ekologiýa meselesine, BMG-niň kabul eden, adamlaryň abadan durmuşynyň esasy şertleriniň biri hökmünde «2030-njy ýyla çenli döwür üçin gün tertibiniň» ähmiýetli ugruna örän uly üns berilýär. Iri forumlarda, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde milli Liderimiziň öňe süren daşky gurşawy goramak babatdaky başlangyçlary hut şony ugur edinýär. Olar dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolup, bilelikdäki halkara ekologiýa taslamalary we maksatnamalary üçin oňat esas bolup hyzmat edýär.

Geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasy Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň, Merkezi Aziýa sebitinde ekologiýa abadançylygyny saklamagyň hatyrasyna ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli we yzygiderli geçirilýän işiň aýdyň mysaly bolup durýar. Çünki häzirki wagtda ýurdumyz adamzat üçin uly ähmiýeti bolan möhüm ekologiýa meselelerini çözmäge mynasyp goşant goşýar. Bu, ilkinji nobatda, ýer-suw serişdelerini aýawly peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, Hazar deňziniň biodürlüligini we deňiz gurşawyny goramak hem-de beýleki ugurlary öz içine alýar.

Şu ýyl rejelenen görnüşde tassyklanan Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýasy, şeýle hem ozal kabul edilen kanunçylyk namalary, şol sanda Tokaý we Suw kodeksleri, ösümlik hemde haýwanat dünýäsi, aýratyn goralýan tebigy çäkler, atmosfera howasyny goramak, ekologiýa howpsuzlygy hakynda kanunlar we beýlekiler bu ugurda öňde goýlan wezipeleri toplumlaýyn çözmäge gönükdirilendir.

Adam eli bilen döredilen ýaş tokaýlar, baglar, seýilgähler eziz Diýarymyzyň ähli ýerlerinde, hatda alys künjeklerinde hem ýaýylyp ýatyr. Şolar ýurdumyzyň myhmanlaryny haýran galdyryp, tebigatyň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Derýalaryň we akabalaryň kenarlary, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy ýerleşen Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenary, Garagumuň jümmüşinde döredilen «Altyn asyr» Türkmen kölüniň daş-töweregi gök begrese bürenýär. Aral deňziniň töwereginde topragyň ýaramazlaşmagynyň we çölleşmegiň öňüni almak maksady bilen, Bötendag belentliginiň çäklerinde, Sarygamyş kölüniň kenarynda meýdany 20 müň gektar ýerde tokaý agaçlaryndan ybarat bolan ägirt uly giňişligiň kemala gelýändigini bellemek gerek.

Baglaryň we seýilgähleriň düýbüni tutmak boýunça şu gezek geçirilen dabara hem eziz Watanymyzyň görküni has-da artdyrmaga gönükdirilendir.

...Milli Liderimiz arça agajynyň (Juniperus turcomanica — türkmen arçasy) ýaş nahalyny oturdyp, ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi.

Bu ýere ýygnananlar agzybirlik bilen döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerdiler. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň, şeýle hem Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleri türkmen topragynyň gözelligini baýlaşdyrýan dabara gatnaşdylar.

Geçen ýyllarda jülgede tut we miweli agaçlaryň müňlerçesi ekilipdi. Şeýlelikde, ýakyn geljekde bu ýerde ajaýyp emeli tokaýlar we miweli baglar peýda bolar.

* * *

Agaç nahallaryny ekmek mynasybetli geçirilen dabara — zähmetsöýer perzentleriň ene topraga bolan hakyky söýgüsiniň baýramçylygy şol gün ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýaýbaňlandyryldy. Tutuş ýurdumyz boýunça şu gezek geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşynda dürli agaç nahallarynyň 473 müň 126-sy ekildi. Mundan başga-da, uly meýdanlarda ozal ekilen, boý alyp, gol ýaýradan agaçlara ideg etmek boýunça işler geçirildi.

“Nesil” gazeti,

12.11.2019ý.