Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäde asudalygy we agzybirligiň ýurdy hökmünde tanalýar. 2022-nji ýyl Bitarap döwletimiz üçin iň bir netijeli ýyllaryň biri boldy. Hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallasy bilen dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsyzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde halkara bileleşiginiň tagallalaryny hemmetaraplaýyn goldamak Bitarap döwletimiziň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Hemişelik Bitaraplyk derejämiz Türkmenistan Watanymyzyň Ýer ýüzünde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ýokary derejä eýe bolmagyna ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp başlangyçlary, Berkarar döwletimiziň Bitaraplygy ata Watanymyzyň bütün dünýädäki abraý-mertebesidir, merdana halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň aýdyň ýüze çykmasydyr. 2022-nji–Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň gerimi has-da giňedi. Munuň özi ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň halkara derejesinde ýene bir gazanan uly üstünligidir. Gysga wagtyň içinde Türkmenistan döwletimiz dünýäniň ösen öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşulmagy, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň şeýle sagdyn hem maksada okgunly ösüşine uly itergi berýär we hormatly Prezidentimiziň ony maksatnamalaýyn ösdürmäge uly üns berýändigi bilen baglanşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze taryhy döwürde diňe şunuň ýaly tertipde iňňän oýlanşykly, uzak geljegi nazarlaýan, öňdengörüjilikli syýasaty ýöredip, bir tarapdan, ýurduň ilerleýji ösüşini, beýleki bir tarapdan bolsa, halkyň agzybirligini, jebisligini, milli bitewligini üpjün etmegiň mümkindigini dünýä äşgär etdi. Şu nukdaý nazardan Bitarap Türkmenistan döwletimiz sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de hyzmatdaşlyk üçin oňyn şertleri döretmäge öz mynasyp goşandyny goşýar. 2023-nji ýyl ýurdumyz üçin Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylydyr. Hormatly Prezidentimiziň yglan eden 2023-nji ýyl ýurdumyz üçin Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly türkmen halkynda buýsanç duýgysyny döredýär.
2023-nji ýyl ýurdumyz üçin Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Watanymyzyň abraý-mertebesini täze belentliklere çykarar. Parahatçylyk, asuda ýaşaýyş Garaşsyz Diýarymyzyň döwlet berkararlygynyň, ilimiziň bagtyýarlygynyň dabaralanmasydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda dünýäniň ähli halklary bilen dost-doganlyk, jebislik gatnaşyklary ýylsaýyn pugtalandyrylar. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp başlangyçlary bilen amala aşyrylýan giň gerimli işlerinde döwlet berkararlygy, halkyň bagtyýarlygy, ýokary derejede üpjün edilýär, bolelin durmuşda ýaşaýan, erkana zähmet çekýän adamlaryň raýatlyk borjuna wepasy berkeýär, rysgal-berekedi goşalanýar. Hormatly Prezidentimiziň bu beýik işleri ata Watany beýgeldýär.
Türkmenistan döwletimiziň dünýä derejesindäki orny has-da berkeýär, tutuş sebitde asudalygyň, abadançylygyň, agzybirligiň sarsmaz binýady, parahatçylyk we ylalaşyk merkezi hökmünde ykrar edildi. Hormatly Prezidentimiz mähriban ýurdumyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, döwletimiziň daşary hem içeri syýatyny has-da berkitmekde alyp barýan beýik işleri halkymyzyň buýsanjyny artdyrýar. Ata Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende galjak ýylynda- Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bu şanly waka mynasybetli geçiriljek işler eziz Diýarymyzyň parahatçylyk söýüji, dostana hyzmatdaşlygy ösdürmekde, sebit, dünýä ähmiýetli başlangyçlary öňe sürmekde we olary üstünlikli durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýe bolar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary hem Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň dowamynda ýurdumyzyň syýasatynyň giňden wagyz edilmegini, öz öňümizde wezipe edip goýarys. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ykdysady ösüşleriniň gözbaşynda duran Hormatly Prezidentimiziň jany sag, mertebesi belent bolsun! 2023-nji ýyl Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzyň mundan beýläk-de pajarlap, gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan öňdengörüji, parasatly hem ynsanperwer içeri we daşary syýasaty öňkünden-de dabaralansyn!
Merdanali ORAZBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň başlygy.