Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň şäherlerini, obalaryny, şäherçelerini, etraplardaky şäherlerini we etrap merkezlerini ösdürmek bilen baglanyşykly toplumlaýyn işler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. «Arkadag» adyny alan Ahal welaýatynyň täze merkezinde gurulýan desgalaryň hatarynda döwrebap bilim ojaklarynyň — çagalar baglarynyň, umumy bilim berýän orta mekdepleriň, orta hünär, ýokary okuw mekdepleriniň bolmagy, olaryň häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesiller hakynda edilýän aladalaryň durmuş ýüzündäki aýdyň beýanydyr. Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň çägindäki gurluşyklaryň birinji tapgyrynda jemi 336 sany desganyň, şol sanda häkimligiň edara binasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasynyň, Baýdak sütüniniň, «Ahal» monumentiniň, Ahal atçylyk sirkiniň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Ruhyýet köşgüniň, kitaphananyň, Bagt köşgüniň, drama teatrynyň, muzeýiň, welaýat derejesindäki kärhanalaryň hem-de hukuk goraýjy edaralaryň binalarynyň, banklaryň welaýat şahamçalarynyň edara binalarynyň we beýleki möhüm desgalaryň jemlenmegi-de bu hakykaty dolulygyna tassyklaýar. Soňky ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda, nusgawy we häzirki zaman meşhur şahsyýetlerimiziň atlarynyň ebedileşdirilip, kärhanalara, bilim edaralaryna, binalara dakylmagy milli mirasymyza, taryhy şahsyýetlerimize belent sarpanyň aýdyň nyşany bolmak bilen, ýaş nesillerimizi watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde hem uly ähmiýete eýedir. Bu asylly däbiň Arkadag şäherinde bina edilýän durmuş-medeni maksatly desgalary mynasyp atlandyrmak babatda-da dowam etdirilmegi bolsa ata-babalarymyzdan gelýän ynsanperwer ýörelgeleriň häzirki zaman derejesinde ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Milli Liderimiz täze şäheriň il-ulusyň teklibi esasynda “Arkadag şäheri” diýlip atlandyrylmagyny halkymyzyň özüne bildiren ýokary ynamy hökmünde kabul edendigini belläp, minnetdarlygyny bildirmek bilen: “Halkymyň ynamy bolsa meniň üçin ähli zatdan ýokardadyr, belentdir we mukaddesdir. Bu beýik ynam meni ýene-de köp işleri bitirmäge borçly edýär” diýip belledi. Döwrümiziň ägirt uly tutumlary, beýik işleri şu belent ynamdan gözbaş alýar.
Begli MÄMMEDOW,
TMÝG-niň Kaka etrap
Geňeşiniň guramaçylyk bölüm müdiri.