18-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem beýleki wajyp meselelere garaldy.
Mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçip, milli Liderimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň maliýe-ykdysadyýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasaryna söz berdi. Ol hususy telekeçileri döwlet tarapyndan bellige almagyň tertibiniň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Bu resminama «Telekeçilik işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň düzgünlerine laýyklykda, Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar. Şu ýylyň dowamynda Merkezi we sebit balans toparlarynyň mejlisleriniň 80-si geçirilip, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we kärhanalaryň dürli düzümleriniň 165-siniň maliýe-ykdysady, hojalyk işleriniň meselelerine garaldy. «Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir kadalaşdyryjy-hukuk namalaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we olaryň käbirini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 3-nji noýabryndaky Kararyna laýyklykda, Merkezi balans topary hakyndaky Düzgünnama üýtgetmeler girizildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, «Ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslary — hususy telekeçileri döwlet tarapyndan bellige almagyň Tertibi» hakyndaky Karara gol çekdi. Onda kesgitlenen wezipeleriň durmuşa geçirilmegine berk gözegçilik etmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer işleriň ýagdaýy hem-de pudagyň önümçilik kuwwatlyklaryny we çig mal binýadyny pugtalandyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» mundan beýläk-de durmuşa geçirmek boýunça wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Gurluşyk we energetika toplumlaryna gözegçilik edýän wise-premýer Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň edara binasyny gurmak hem-de Aşgabat şäheriniň günorta tarapynda sil suwlaryny sowujy desgalar toplumyny gurmak üçin halkara bäsleşigi geçirmek boýunça ýerine ýetirýän işleri barada hasabat berdi. Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini peseltmek meselesine örän jogapkärli we çynlakaý çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekip, milli Liderimiz bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra senagat we kommunikasiýa toplumlaryna gözegçilik edýän wise-premýer ýurdumyzda öndürilýän dokma we haly önümlerini daşary ýurtlarda geçirilýän iri halkara sergilerde mahabat etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, GFR-iň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde her ýylyň ýanwar aýynda «Heimteхtil» atly iri halkara sergi geçirilýär. Oňa 130-dan gowrak ýurtdan dokma önümlerini öndürijiler gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň bu gözden geçirilişe gatnaşmak mümkinçiligi barada habar berildi. Şonda Türkmenistanyň dokma pudagynda we halyçylykda ýeten derejeleri görkeziler. Hormatly Prezidentimiz bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Söwda toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer mekdep okuwçylary üçin kompýuterleri öndürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi we ýerine ýetirilýän işler hakynda birnäçe şekilleri hem-de şol kompýuterleri hormatly Prezidentimize görkezdi. Döwlet Baştutanymyz täze görnüşdäki kompýuterleriň ähli görkezijileriniň dünýäniň iň kämil enjamlary bilen deňeşdirilip öwrenilmelidigine, kämilleşdirilmelidigine ünsi çekdi.
Bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýer alnyp barylýan işler, şol sanda Halkara tennis federasiýasynyň 2020-nji ýylda Aşgabat şäherinde dünýä derejesindäki Dewisiň Kubogy ugrunda halkara ýaryşyň tapgyryny geçirmek hakyndaky teklibi barada hasabat berdi. Bu bäsleşiklere 17 döwletden sport wekiliýetleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Ýaryşyň Aşgabat tapgyrynda üstünlikli çykyş eden türgenler 2021-nji ýylda geçiriljek Dewisiň Kubogy ugrundaky saýlama bäsleşigiň 3-nji toparyna gatnaşmaga hukuk gazanarlar. Halkara tennis federasiýasy bu halkara ýaryşy 8 — 15-nji iýun aralygynda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň tennis toplumynda geçirmegi teklip edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi. Milli Liderimiz hödürlenen Karara gol çekip hem-de bu baradaky gürrüňi dowam edip, geljek ýyl ýurdumyzda Sambo boýunça Dünýä çempionatynyň we Futzal boýunça Aziýanyň çempionatynyň, 2021-nji ýylda bolsa Trek welosporty boýunça Dünýä çempionatynyň geçiriljekdigini aýtdy, bu babatda ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer öňde boljak baýramçylyklara hem-de şanly wakalara bagyşlanyp taýýarlanan medeni çäreleriň maksatnamasy, şeýle hem medeniýet ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň ygtybarly maddy-enjamlaýyn binýadynyň döredilendigini, şonuň netijeli peýdalanylmagynyň zerurdygyny nygtady.
Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň barşy hem-de möwsümleýin meýdan işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Milli Liderimiz oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak, ýerleriň hasyllylygyny yzygiderli we ylmy esasda ýokarlandyrmak babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Türkmenistanyň Prezidentiniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna boljak iş saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Duşuşyk Sankt-Peterburg şäherinde geçiriler. Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Mejlisiň Başlygy hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri hakynda habar berdi. Milli Liderimiz durmuş-ykdysady özgertmeleri okgunly öňe ilerletmegiň bähbidine, kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny işläp taýýarlamak we halkara gatnaşyklaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak ugrunda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça Mejlisiň alyp barýan işiniň ähmiýetini nygtady.
Mejlisde başga-da birnäçe meselelere garaldy hem-de şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.
“Nesil” gazeti,
21.12.2019ý.