10-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly täze ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, maliýe-ykdysadyýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýere söz berdi. Ol gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy hem-de maliýe, ykdysady we bank ulgamlarynyň işlerini döwrüň talabyna laýyk derejede guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak işini çaltlandyrmagyň wajypdygyny belläp, milli Liderimiz bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer «Ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny» amala aşyrmagyň barşy hakynda hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2020-nji ýylda nebit önümleriniň möçberlerini tassyklamak hakyndaky» Kararyň taslamasy hödürlenildi. Degişli Karara gol çekip, hormatly Prezidentimiz ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy boýunça wise-premýere iberdi hem-de onuň düzgünleriniň degişli derejede ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Gurluşyk we energetika toplumlaryna gözegçilik edýän wise-premýer gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Milli Liderimiz pudagyň ýokary ösüş depginlerini saklamak, kärhanalaryň işiniň netijeliligini artdyrmak maksady bilen, çig mal boýunça oýlanyşykly nyrh syýasatyny geçirmegiň zerurdygyny belledi.
Senagat we kommunikasiýa toplumlaryna gözegçilik edýän wise-premýer «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça pudagara topary döretmek hakyndaky» Kararyň taslamasyny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, resminamalaryň sanawynyň işlenip taýýarlanylandygyny habar berdi. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça pudagara topary döretmek hakyndaky» Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşyk ulgamy arkaly wisepremýere iberdi we bu resminamanyň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra söwda toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek, bölek söwdada harytlary sanly ulgamyň üsti bilen satmagy düzgünleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Ilata edilýän söwda hyzmatlaryny döwrebap derejede kämilleşdirmek, şol sanda internet-dükanlarynyň işini ýola goýmak arkaly «Harytlary uzaklykdan satmagyň düzgünleriniň» taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu taslama «Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda», «Söwda işi hakynda» hem-de «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we Internet hyzmatlaryny hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen ylalaşykly işlenip taýýarlanyldy. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwrebap sanly gurşawyň möhüm bölegi bolan elektron söwdasynyň durmuş şertlerine laýyklykda zerurdygyny belledi.
Bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýer iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen baglylykda, ylym we bilim ulgamlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Milli Liderimiz wise-premýere sanly ulgam boýunça göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegini, bilim we ylym ulgamlarynda bu babatda amala aşyrylýan özgertmeleriň barşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer halkymyzyň medeni mirasyny wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere öňde boljak ähli medeni çärelere taýýarlyk görmek we şolary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada zerur bolan ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Hasabaty diňläp, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bugdaýyň we gowaçanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, agrotehniki çäreleri öz wagtynda we ýokary hilli geçirmäge, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga, suw bilen üpjünçiligine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisi dowam edip, göni sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryny, daşary işler ministrini çagyrdy. Ol Türkmenistanyň şu ýyl halkara Konwensiýalara we beýleki namalara goşulmagy boýunça teklipler barada hasabat berdi. Türkmenistanyň halkara Konwensiýalara we beýleki resminamalara işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, DIM tarapyndan yzygiderli esasda degişli işler geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyz köptaraplaýyn halkara resminamalaryň 152-sine gatnaşýar. Şolaryň arasynda Birleşen Milletler Guramasy hemde onuň ýöriteleşdirilen edaralary tarapyndan kabul edilen Konwensiýalaryň 133-si bar. 2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiziň kabul eden Karary bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli döwletimizde hem-de daşary ýurtlarda geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň giň gerimli Maksatnamasy tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy 2020-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzyň birnäçe ugurlar boýunça halkara Konwensiýalara we köptaraplaýyn resminamalara goşulmagy babatda teklipleri milli Liderimiziň garamagyna hödürledi. Türkmenistanyň şu ýyl halkara Konwensiýalara we beýleki namalara goşulmagy boýunça hödürlenen teklipleri makullap, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň kanunçylygyna hem-de halkara kadalara laýyklykda, döwlet edaralary we halkara guramalar bilen bilelikde bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisiň Başlygy ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça parlamentiň alyp barýan işleri barada habar berdi. Hormatly Prezidentimiz habary diňläp, türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň möhüm ulgamlarynda amala aşyrylýan özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek, ykdysadyýet, ylym we medeniýet ulgamlaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, adamyň hem-de raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça milli parlamentiň mundan beýläk-de netijeli işlemeginiň zerurdygyny nygtady.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi hem-de şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň hemmesine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
“Nesil” gazeti,
14.01.2019ý.