“MUKADDES ÝÖRELGELER DABARALANÝAR”

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şanly wakalara beslenýär. Milli Geňeşiniň we jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahatynyň öňýanyndaky günde Arkadag şäherinde Ahal welaýatynyň baş metjidiniň düýbiniň tutulmagy şeýle wakalaryň biri boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda sähetli günde ýagşy doga dilegler bilen gurluşygyna girişilen dört minaraly kaşaň metjidiniň ýanynda sadaka jaýy bilen birlikde okuw medresesiniň ýerleşjekdigi ýaş göwnümizi has-da galkyndyrýar. Ezber elli gurluşykçy hünärmenlerimiziň welaýatymyzyň baş metjidiniň gurluşygyny ýokary derejede alyp barjakdygyna ynanýarys. Bu metjit Arkadag şäheriniň görküne gözellik goşar. Onda ýurdumyzyň mundan beýläk-de rowaçlygy, halkymyzyň asuda hem-de abadan durmuşda ýaşamagy üçin doga-dilegler ediler.

Ýurdumyzyň dürli ýerinden gelen ýaşuly we ýaş nesliň wekillerine Ahal welaýatynyň baş metjidiniň düýbiniň tutulyşyna we Gökdepe metjidindäki toý sadakasyna gatnaşmak bagty miýesser etdi. Şol sähetli gündäki wakalar Arkadagly döwrümizde halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklaryna belent sarpa goýulýandygynyň, ruhy-ahlak ýörelgelerini we däplerini baýlaşdyrmak ugrynda buýsandyryjy işleriň alnyp barylýandygynyň subutnamasy bolup, ýüreklerimizde ýakymly duýgulary oýardy. Mumuň üçin Türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Arkadagly Serdarymyza ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys.

 

Mekan AMANLYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat

Geňeşiniň kätibi.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA