Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Sarahs etrap Geňeşiniň Döwletabatgazçykaryş müdirliginiň Ilkinji Ýaşlar guramasynyň gurnamagynda Döwletabatgazçykaryş müdirliginiň 2-nji sehinde zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda ýurdumyzda alnyp barylýan işleri göz öňüne tutup ýaşlaryň işe bolan höweslerini artdyrmak maksady bilen “Ýaşlar-döwletimiziň nurana geljegi” ady bilen wagyz nesihat çäresi gurnaldy. Çärede Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny ýaşlara wagyz etmek bilen bir hatarda Döwletabatgazçykaryş müdirliginde güýz-gyş möwsüminiň aýratyn jogapkärli döwür hasaplanýandygyny wagyz edildi hem-de düşündiriş işlerini geçrip, biz bu möwsüme göwnejaý taýýarlyk gördik diýip belläp geçdiler.Bellenilen meýilnama esasynda gaz geçirijilerden, gaz paýlaýjy, gaz sazlaýjy enjamlarda bejeriş, abatlaýyş, sazlaýyş işlerini talabalaýyk geçirilmelidigi bellenildi. Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.