Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda bedenterbiýäniň we sportuň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň ähmiýetini wagyz etmeklik, ýaşlaryň berk bedenli bolmagynyň esasy maksatlarynyň biri hökmünde sagdynlygyň, bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň ýurduna öwrülýän diýarymyzyň ösüşleriniň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, sportda-da uly ösüşlere eýe bolýar. Ýaşlary sporta çekmekde, ýaş nesliň sagdyn, berk bedenli, ylymly- bilimli bolup ýetişmeginde düýpli özgerişliklere badalga berilýär hem-de bu asylly işler barha rowaçlanýar. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Ahal welaýatynyň Sarahs etrap bedenterbiýe we sport bölüminde hem-de TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Sarahs etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş gurnaldy. Gyzgalaňly geçen ýaryşda bäsdeşler öz ukyp başarnyklaryny erjellik bilen görkezdiler, gatnaşyjy toparlaryň arasynda bolan ýaryş diýseň çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Ýaryşa etrabyň birnäçe toparlary gatnaşdylar, esasan hem “Dagdan”, “Galkan”, “Merdana” woleýbol toparlarynyň arasyndaky duşuşyklar dartgynlylygy bilen tapawutlandy.
Netijede gyzykly geçen ýaryşda “Dagdan” toparynyň woleýbolçylary garşydaşlaryndan üstün çykyp, baýrakly ornuň eýesi boldular. Ýaryşyň 2-nji, 3-nji baýrakly orunlary bolsa “Merdana”, “Galkan” woleýbol toparlarynyň oýunçylary eýelediler.
Tumar JUMAÝEWA,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň
Sarahs etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň müdiri.