Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda 21-nji ýanwarda paýtagtymyzda taryhy waka döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşdaky uly jemgyýetçilik-syýasy çäre bolup geçdi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahatynda kabul edilen çözgütleri il-ulsyň bähbidine, ýaşaýyşyň-durmuşymyzyň has-da gowulandyrylmagyna gönükdirilendir. Döwlet maslahatda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegi, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edilmegi buýsanjymyzy has-da artdyryp, başymyzy göge göterdi. Maslahatda jemgyýetimiziň dürli gatlaklaryna degişli wekiller öz çykyşlarynda halkymyzyň şeýle belent derejä, şeýle belent hormata diňe Gahryman Arkadagymyzy mynasyp görýändigini nygtadylar. Munuň özi agzybir halkymyzyň uly ynamynyň, zamanamyzyň beýik Gahrymanyna bolan egsilmez söýgüsiniň we sylag-hormatynyň ýene bir aýdyň ýüze çykmasy boldy. Elbetde, halkyň synmaz ynamyna, şeýle belent hormatyna we söýgüsine diňe ýüregi “Watanym! Halkym!” diýip urýan beýik Ynsanlar mynasyp bolar. Gahryman Arkadagymyzyň şol belent derejäni gazanyp bilen taryhy Şahsyýetdir, halkymyzyň dünýäde ykrar edilen Milli Lideri!
Halkymyzyň bähbidine beýik işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimiziň hem-de peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri mundan-da belent bolsun!
Täjinar SAPAROWA
TMÝG-niň Babadaýhan
etrap Geňeşiniň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.