Ýaňy ýakynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň möhüm wakalarynyň biri, 28-nji ýanwarda paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýy geçirildi. Nobatdaky gurultaýa Ýaşlar guramasyna ýurdymyzyň ähli künjegindäki wekilleri, öňdebaryjy ýaşlar, ähli pudaklarda zähmet çekýän ýaşlaryň işjeň agzalary gatnaşdylar. Bu gurultaý diýseň guramaçylykly geçirildi. “Mekan” kögüniň eýwanynda guralan sergileri synlanynda bolsa, ýurdymyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri we ýetilen sepgitleri, halkymyzyň baý taryh-medeni mirasy barada giňişleýin maglumat berýän gymmatlyklary görmek bolýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynyň başynda döwlet senasy ýaňlanandan soňra, Hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlenildi. Soňra gün tertibi boýunça çykyşlara orun berildi. Mundan başga-da her pudakda zähmet çekýän ilkinji ýaşlar guramasynyň başlyklary, şeýle hem talyp ýaşlarymyz çykyş etdiler. Nobatdaky gurultaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeleri, goşmaçalary girizmek meselelerine seredildi hem-de degişli kararnama kabul edildi. Gurultaýyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň adyndan öňdebaryjy ýaşlara sowgatlar gowşuryldy. Sowgatlara mynasyp bolan ýaşlar öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Gurultaýyň ahyrynda bolsa oňa gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza ýaşlarymyz üçin döredip berýän şeýle mümkinçilikleri üçin köp sag bolsyn aýtdylar. Soňra Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli konsert guraldy. Ýurdymyzyň ýaş zehinli sungat ussatlarynyň taýýarlan çykyşlary, ýaňlanan aýdym-sazlaryň şirin mukamlary we tans toparlarynyň ýerine ýetiren tanslary tomaşaçylar tarapyndan joşgunly el çarpyşmalar bilen garşylanyp diňlenildi. Biz hem Hormatly Prezidentimiziň bize bildirýän ynamyny ödemek maksady bilen etrabymyzyň ýaşlarynyň arasynda wagyz-nesihat işlerimizi yzygiderli dowam etdirip, ýurdumyzyň ösüşini, gazanan üstünliklerini Hormatly Prezidentimiziň Ýaşlar baradaky “Döwlet” maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin ýerine ýetirilmeli meýilnamalary ýaşlarymyza ýetirmekde yhlas bilen zähmet çekeris. Çünki biz, Arkadag Serdarly-bagtyýar ýaşlar! Biz ýaşlara şeýle mümkinçilikleri döredip berýän, biz ýaşlar üçin atalyk aladalaryny edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýärin.
Aýnagözel ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Tejen etrap Geňeşiniň
Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.