Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz günsaýyn ösýär we özgerýär. Ýurdumyzyň ähli ugurlarynda gazanylýan ägirt uly üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna itergi berýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan tutumly işleri dowamaty dowam bolup gelen Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň ilkinji günlerinde ýurdumyzy gurşap alan özgertmeler, bolup geçýän şanly wakalar aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly 28-nji ýanwarda paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýy guramanyň Aşgabatdan we ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan wekillerini, öňdebaryjy mekdep okuwçylarydyr talyp ýaşlary bir ýere jemledi. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda geçirilen bu forum Diýarymyzy özgertmek boýunça öňde goýlan belent maksatlara ýetmekde ýaş Türkmenistanlylara uly ornuň degişlidigini nobatdaky gezek subut etdi. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, ýaşlar — beýik geljegimiz. Munuň özi ýaşlara bildirilýän uly ynamdyr, nesilleriň arasyndaky mizemez jebislikdir. Milli Liderimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan syýasatynyň giňden goldanylýandygynyň subutnamasydyr.
Ahmet GYŞYKOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň
Guramaçyly bölüminiň baş hünärmeni.