Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz günsaýyn ösýär we özgerýär. Döwrüň talabyna laýyk alnyp barylýan beýik işler bu gün her bir ynsanyň, esasanda, ýaşlaryň ýürek senasyna öwrülýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň möhüm wakalarynyň birine öwrülen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýynda öňde goýlan täze wezipeler hem ýaşlar syýasatynyň giňden dabaralanmagyna öz täsirini ýetirer. Gujur-gaýratly, ylymly, bilimli, watansöýüji, dörediji we gurujy ýaşlarymyzyň gatnaşmaklarynda Watanymyzy, jemgyýetimizi demokratik ýol bilen ösdürmekde, agzybirligimizi we jebisligimizi üpjün etmekde bitirilen netijeli işlere baha bermek, döwletimiziň ösüşiniň täze tapgyrynyň wezipelerine we ýaş nesil babatda döwlet syýasatymyza laýyk gelýän anyk çözgütleri kesgitlemek, ýaşlaryň durmuş goraglylygyny we mümkinçiliklerini mundan beýläk-de üpjün etmek meseleleri gurultaýyň esasy özenini düzdi. Şeýle-de, onuň dowamynda Ýaşlar guramasy tarapyndan amala aşyrylmaly işleriň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşylyp, guramanyň Tertipnamasyna üýtgetmelerdir goşmaçalar girizildi. Watan, ýaşlar, geljek baradaky oňyn düşünjeler we garaýyşlar 2023-nji ýylyň şygarynyň düýp mazmunyny düzýär. Bu ýyly döredijilikli işler, zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrmak, ählimiziň, ilkinji nobatda, bagtyýar ýaşlarymyzyň mukaddes borjudyr.
Mekan AMANLYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat
Geňeşiniň kätibi.