HOŞALLYK MASLAHATY GEÇIRILDI

Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy  döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylymyzyň hem her bir güni şanly seneler taryhy wakalar beslenýär. Ynha hemmämiziň bilşimiz ýaly şu ýylyň  28-nji ýanwarynda  hem Aşgabat şäheriniň “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýy üstünlikli geçirildi. Şu mynasybetli hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Sarahs etrap Geňeşi tarapyndan Sarahs etrap Medeniýet öýünde etrabyň ýaşlarynyň , ýaş hünärmenleriň, ilkinji guramalaryň gatnaşmaklarynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa etrabyň dürli edara-kärhanalaryň öňdebaryjy ýaşlary şeýle-de mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Hoşallyk maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji  ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri, şeýle hem “Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty ” hakynda Türkmenistanyň kanunyň rejelenen görnüşini hem-de döwrüň möhüm wezipelerini nazara tutup, Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna  üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek we beýleki birnäçe guramaçylyk meseleleri dogrusynda çykyşlar beýan etdiler. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň öňünde durýan wezipeler hakynda şeýle hem ýaşlary watançylyk ruhynda terbiýelemek , ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny giňden wagyz etmek bilen bagly çykyşlar beýan edildi. Soňra maslahata gatnaşyjylara etrap Medeniýet bölüminiň ýaş zehinli aýdymçylaryň aýdym-sazly çykyşlary giňden ýaýbaňlandyryldy. Dabaranyň dowamynda ýaş sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa edildi.  Maslahatyň dowamynda ýurdumyzda ýaşlaryň okamagy, işlemegi, döretmegi üçin ähli  mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini beýan edildi.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA