Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-baba dowam edip gelýän däp-dessurlarymyza aýratyn sarpa goýulýar, sogaply-sahawatly işleriň amal edilmegine uly ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigine paýtagtymyzda geçirilýän döwlet maslahatynyň bosagasynda bolup geçen sogaply waka hem doly şaýatlyk edýär. Ýagny taryhy künjekde bina edilen Arkadag şäherinde Ahal welaýatynyň baş metjidiniň düýbi tutuldy.
Metjit gurmak halkymyzda iň sogaply işleriň biri hasaplanýar. Täze şäherde ajaýyp metjidi gurmak başlangyjy parasatly pederlerimiziň asylly ýörelgeleriniň dowamat-dowamatydyr. Gahryman Arkadagymyz geçen ýylyň oktýabrynda Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde guruljak metjidiň ýerleşjek ýerini kesgitlemegi, bu haýyrly işiň hormatyna toý sadakasyny bermegi ulus-ilimizi begendirdi. Ýurdumyzyň durmuşyndaky möhüm ähmiýetli wakalaryň, döwletli tutumlaryň hormatyna toý sadakalarynyň berilmegi asylly däbe öwrüldi. Bu bolsa beýik maksatlaryň üstünliklere beslenmeginde örän möhümdir hem-de ol ägirt uly başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam edýär.
Milli däp-dessurlarymyza daýanýan asylly ýörelgelerimize eýerip, sadaka gatnaşyjylara toý düwünçekleri paýlanyp toý sadakasynyň hem-de okalan aýat-töwürleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagy dileg edildi. Soňra bu ýerde hormatly ýaşulylar agzybirlikde juma namazyny okadylar.
Ýaşulylar juma namazynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara, durmuşa geçirýän ähli asylly başlangyçlarynyň üstünliklere beslenmegini Beýik Biribardan dileg etdiler.
Goý berilen sadaka-da okalan aýat-töwirler, edilen ähli dilegler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Türkmen topragynda hemişe bagtyýarlyk, abadançylyk dabaralansyn!
Täjinar SAPAROWA
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Babadaýhan
etrap Geňeşiniň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.