Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň mähriban Watanymyz – eziz Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň köňül sahawaty bilen bagtly çagalygyň ýurdyna öwrüldi. Mähriban diýarymyzda milli sportumyzyň giň gerim bilen ösdürilýän häzirki döwürde çagalaryň ukyp –başarnygyň artmagyna ýokary derejede ýardam berýän paýhas oýny hasaplanylýan küşt oýnuna has köp üns berilmegi we sportuň bu görnüşini öwrenmeklige isleg bildirýän çagalaryň köp bolmagy guwançly ýagdaýdyr.
Küşt çagalaryň ruhy hem-de fiziki taýdan sazlaşykly ösüşine oňaýly, çagalaryň aň-düşünjesine kämilleşdirmekde küşdüň - bu paýhas oýnunyň ähmiýetine aýratyn üns beripdirler. Bu oýnuň bütin Gündogarda uly ähmiýete eýe bolandygy barada asly türkmenlerden bolan meşhur küştçi Ebu Bekir as-Suly öz ýazgylarynda teswirläpdir.
Ata – babalarymyz aýratyn zehin –üşügi, ukyp-başarnygy talap edýän küşt oýnuna “ paýhas oýny” diýip at beripdirler. Hut şonuň üçinem dünýä ýüzünde ençeme döwletleri gurup, adamzadyň aňyýet kämilliginiň ösüşlerine goşant goşan paderlermiz nesil terbiýesinde bu paýhas baha beripdirler.
Küşt beýnini türgenleşdirmegiň ýokary netijeli usullarynyň biri bolup durýar. Küşt oýnunyň yzygiderli oýnamagyň netijesinde adamyň akyl işiniň hereketiniň kämilleşýändigini, ünsi bir ýere jemlemek başarnygynyň güýçlenýändigini, ýatkeşligiň ýokarlanýandygyny bu ugurda düýpli ylmy barlaglary geçiren alymlar dünýä aýan edipdirler. Dana pederlerimiz bolsa, özleriniň durmuş tejribeleri, bu ugurda ýeten belent derejeleri esasynda alymlaryň gelen netijeleriniň aýdyň hakykatdygyna göz ýetiripdirler. Beýnini çalt hereketlendirmek we mydama işjeň ýagdaýda saklamak üçin oýny yzygiderli, gündelik oýnamak hökmany şertdir.
Küştüň gadymy we täsin taryhy bar. Küştüň ilkinji dörän ýeri Hindistan hasaplanylýar. Hindileriň Ramaýana atly biziň eramyzdan öňki V-VI asyra degişli gadymy dini ýazgylarda altmyş dört öýjükli tagta ýatlanypdyr. Käbir alymlar bolsa Sanskrit dilinde ýazylan Mahabharata eposynda agzalan süňk bilen oýnalýan oýny kem küşt hasaplaýarlar.
VIII-X asyrlara Orta Aziýada, Eýranda, Arabystanda häzirki zaman küştüne ýakyn bolan sadranç ýörgünli oýun bolupdyr. Täsin tarapy, küşt taryhçylaryň gelen netijelerine görä, küşt oýny araplaryň arasynda Orta Aziýada gelenlerinden soňra giňden ýaýrapdyr. Sadranç oýny baryp VII- VIII asyrlarda hem käkil oýun hasaplanypdyr. Sadrançda gözelligine aýratyn üns berlipdir. Galyberse-de, eýýäm IX – X asyrlardan başlap sadranjyň teoriýasyna degişli traktatlar ýazylypdyr. Biziň sebitlerimizde geçirilen arheologiki gazuw – agtaryşlaryň netijesinde tapylan küşt mallaryna degişli tapyndylar küşt oýnunyň bu ýerlerde uly meşhurlyga eýe bolandygyny görkezýär.
Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly rowaçlyk tapan bu paýhas oýnunyň şöhraty ýene – de dowamaty artar.
Begenç ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Kaka etrap Geňeşiniň başlygy.