Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki Medeniýet öýünde 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýilip yglan edilmegine bagyşlanan aýdym-sazly dabara geçirildi. ony Ahal welaýat häkimligi, welaýatyň iri jemgyýetçilik guramalary we Medeniýet müdirligi bilelikde guradylar.
Edara-kärhanalaryň, guramalaryň zähmetkeşleriniň, ýaşlaryň, dili senaly ýaşulularyň, mährem eneleriň gatnaşmagynda bolan dabarada 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilmeginiň çuňňur manysy, Watanymyzyň ýaşlar hakda edilýän aladalar, jemgyýetimize ýaş nesliň orny dogrusynda täsirli gürrüň edildi.
Dabara medeniýet we sungat ussatlarynyň joşguna beslenen aýdym-sazlaryna, milli öwüşginli tanslaryna utgaşyp gitdi. Beýik döwrümiziň, berkarar watanymyzyň taryhy ösüşleriniň waspy sungat çykyşlarynda öz beýanyny tapdy.
Döwlet HOJAMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň
umumy bölüminiň esasy hünärmeni.