Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz günsaýyn ösýär we özgerýär. Ýurdumyzyň ähli ugurlarynda gazanylýan ägirt uly üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna itergi berýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan tutumly işleri dowamaty dowam bolup gelen Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Mälim bolşy ýaly 11-nji ýanwarynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatyny geçirdi. Bu maslahatda milli parlamentiň öňünde durýan wezipelere garaldy hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Garaşsyz Türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanun çykaryjylyk işini mundan beýläk-de döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek bilen baglanyşykly wajyp wezipeler kesgitlendi.
Gahryman Arkadagymyz çykyşynda ýurdumyzda kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan parlamenti iki palatadan, ýagny Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybarat bolan Türkmenistanyň Milli Geňeşi hereket edipdi we döwürde olar öz wezipelerini üstünlikli amala aşyrdy. Ýöne ösüp-özgerip barýan döwür ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýet edarasynyň gurluşyny hem yzygiderli kämilleşdirip durmagy talap edýär. Döwrüň şu talaplaryndan ugur alyp şoňa görä-de halkymyzyň köpasyrlyk taryhynda döwlet gurluşy babatda toplan tejribesini hemmetaraplaýyn nazara alyp, ata-babalarymyzyň ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk maslahatlaryny geçirip, iň wajyp syýasy, ykdysady, harby meseleleri çözmek baradaky asylly däplerinden ugur alyp, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyny, ýagny Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmegi teklip etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi we oňa giň ygtyýarlyklaryň, şol sanda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, konstitusion kanunlary kabul etmegiň, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere garamaga hemde makullamaga ygtyýarlygyň berilmegi bilen, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň işi bes edilýändigini habar berdi. Şeýlelikde, ýurdumyzda kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan Türkmenistanyň Milli Geňeşi (parlament) bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwrülse, maksadalaýyk bolar diýip hasaplaýandygyny aýtdy. Bu bolsa gelejekde ýurdumyzyň kanun çykaryjy binýadynyň täze ösen derejelere ýetmäge uly ýardam berer. Şol nukdaýnazardan ugur alyp dürli ulgamlarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär . şeýle wagyz-nesihat duşuşygy Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky “Kaka dokma toplumynda” zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda geçirildi.duşuşygyň dowamynda çykyş eden ýaşlaryň öz ýürek buýsançlaryny özleriniň çykyşlary bilen beýan etdiler. Duşuşyga gatnaşanlar pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almaklary, hünär öwrenmekleri, zähmet çekmekleri, gurmaklary we döretmekleri üçin döredip berýän mümkinçiliklerine köp sagbolsunlar aýdyp Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Rüstem MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat
Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.