Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde Watan goragçylar güni mynasybetli aýdym sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabaraly maslahaty Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň gurnamagynda Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän harby bölümleriň harby gullukçylary, esger ýaşlary uly ruhubelentlikde gatnaşdy. Maslahatyň başyny Gökdepe etrabynyň ýaşulysy Muhammet aga açyp Watan goragçylar güni bilen gutlap harby gullukçylaryň Watan asudalygyny goramakda alyp barýan işlerinde uly üstünlik arzuw etdiler. Soňra Gökdepe etrap Medeniýet merkeziniň guramaçysy Baýramowa Abadangözel, TMÝG-niň Gökdepe etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri O. Gurtgeldiýewa, harby gullukçylar, esger ýaşlar çykyş edip Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň harby gullukçylaryna döredilýän uly mümkinçiliklere köp sag bolsun aýdyp janlarynyň sag ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler. Soňra baýramçylyk mynasybetli geçirilýän dabaraly maslahat aýdym-sazly çykyşlara utgaşyp gitdi.
Ogultäç GURTGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.