Soranmyş bir wagt aý güne bakyp,
Dünýäniň durky ne, aýdyp bersene.
Gün hem diýenmiş nuryny saçyp,
Dünýäniň bar görki enedir ene
Dogrudanam, ene diýilýän ynsan Hakyň nurundan ganan bir uly dünýädir. Çünki ene hüwdisi adamzadyň kalbyndan siňňin aralaşýan jadylaýjy gudratly bir güýçdir. Hakykatdan-da “Ene”diýilýän beýik ynsan ähli zady öňden görüji, duýujy, syzyjy ýaly gylyk häsiýetleri özünde jemleýän bahasyna ýetip bolmajak uly bir guýma gursakdyr. Elbetde ene diýilýän ynsan öz çagasyny günden gorap ýelden ýelpäp,dünýä indirip kemala getiren balasyny öz halkyna il-gününe il halar wepaly adamlar bolmaklary üçin, olara öwüt-ündew tertip-düzgün kiçini sylamak ula hormat goýmak ýaly gyzyldan gymmatly sargytlaryny öz perzentlerine parz edýärler. Goý bu dünýäniň bezegi biziň mährem enelerimiziň elmydama ýüzleri nurly, kalplary päkize bolsun.
Seýdylla ÝAZMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
Guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň Sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.