“ARKADAGLY SERDARYŇ PARAHATÇYLYK ÝÖRELGESI – DÜNÝÄ NUSGALYK GÖRELDE”

Ahal welaýat häkimligi we welaýatyň iri jemgyýetçilik guramalaryň we ýaşlaryň gatnaşmaklarynda Änew şäherindäki Medeniýet öýünde aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabarada Ahal welaýatynyň ýaşuly nesilleri ak sakal gojalar we kümüş saçly eneler we ýaşlar çykyş etdiler. Çykyşyň barşynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz günsaýyn ösýär we özgerýän ýurdumyzyň ähli ugurlarynda gazanylýan ägirt uly üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna itergi berýän Arkadagly Serdarymyzyň döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri dogrusynda çykyşlar edildi. Şeýle-de mälim bolşy ýaly her ýyly döwrebap şygar bilen atlandyrmak ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda öňden görüjilikli syýasaty netijesinde halkyň erik islegini, jemgyýetçilik birleşikleriniň tekliplerini goldap, täze 2023-nji ýyly “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly diýip yglan edilmegi ýaşlaryň göwün guşuny ganatlandyrdy. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly hem  Watanymyzyň abraý-mertebesini täze belentliklere çykarjak ýyllaryň biri bolar. Ata Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende galjak “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda bu şanly waka mynasybetli geçiriljek işler eziz Diýarymyzyň parahatçylyk söýüji, sebitde dünýä ähmiýetli başlangyçlary öňe sürmekde we olary üstünlikli durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýe bolar dabarada çykyş edenler ýürek buýsançlar bilen beýan etdiler. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz atalyk aladalary netijesinde Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmekleri üçin döredilip berilýän şertler barada giňişleýin çykyşlar etdiler. Şeýle-de ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ýola goýmagyň çäklerinde ýaşlarymyzyň arasynda geçirilýän sport ýaryşlary we gazanylýan üstünlikler barada hem belläp geçdiler. Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda  ýaşlaryň Watançylyk we ynsanperwerlik ruhynda terbiýelenmekleri üçin ýurdumyzda alnyp barylýan işler barada belläp geçdi. Duşuşygyň dowamynda türkmen halkyna eşretli zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyşly sözlerini aýtmak bilen sözüni jemledi. Dabara Ahal welaýatynyň Medeniýet we sungat ussatlaryň aýdym-sazly dabaralar bilen dowam etdi.

 

Beýzali ATAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň

umumy bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Fewral 2025 | 0 okalan

BEDEWLERIMIZIŇ ARŞA GÖTERILEN ŞÖHRATY

31 Ýanwar 2025 | 51 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 72 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR