ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR ÝYLY

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşi we etrabyň jemgyýetçilik guramalary, etrap häkimligi, etrap medeniýet bölümi, etrap bilim bölümi bilen bilelikde etrabyň medeniýet öýünde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. 2022-nji ýyl Bitarap döwletimiz üçin iň bir netijeli ýyllaryň biri boldy. Hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallasy bilen dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsyzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde halkara bileleşiginiň tagallalaryny hemmetaraplaýyn goldamak Bitarap döwletimiziň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Hemişelik Bitaraplyk derejämiz Türkmenistan Watanymyzyň Ýer ýüzünde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ýokary derejä eýe bolmagyna ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp başlangyçlary, Berkarar döwletiň Bitaraplygy ata Watanymyzyň bütin dünýädäki abraý-mertebesidir, merdana halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň aýdyň ýüze çykmasydyr. 2022-nji–Halkyň Arkadagly zamansy ýylynda ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň gerimi has-da giňedi. Munuň özi ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň halkara derejesinde ýene bir gazanan uly üstünligidir. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň şeýle sagdyn hem maksada okgunly ösüşine uly itergi berýän hormatly Prezidentimiziň ony maksatnamalaýyn ösdürmäge uly üns berýändigi bilen baglanşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze taryhy döwürde diňe şunuň ýaly tertipde iňňän oýlanşykly, uzak geljegi nazarlaýan, öňdengörüjilikli syýasaty ýöredip, bir tarapdan, ýurduň ilerleýji ösüşini, beýleki bir tarapdan bolsa, halkyň agzybirligini, jebisligini, milli bütewligini üpjün etmegiň mümkindigini dünýä äşgär etdi. Şu nukdaýnazardan Bitarap Türkmenistan döwletimiz sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de hyzmatdaşlyk üçin oňyn şertleri döretmäge öz mynasyp goşandyny goşýar. 2023-nji ýyly Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly diýlip atlandyrylmagy  Hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzyň mundan beýläk-de pajarlap, gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan öňdengörüji, parasatly hem ynsanperwer içeri daşary syýasaty öňkünden-de dabaralansyn! Biz ýaşlara ähli ugurlarda ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň köp-köp sagbolsun aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, beýik işleriniň mundan beýläk hem rowaç almagyny arzuw edýäris.

 

Begli MÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

 Kaka etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

03 Fewral 2025 | 0 okalan

BEDEWLERIMIZIŇ ARŞA GÖTERILEN ŞÖHRATY

31 Ýanwar 2025 | 51 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 72 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR