“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri’’ diýlip atlandyrylan ösüşiň täze eýýamynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan täze döwlet we milli maksatnamalar kabul edilip, Watanymyz ösüşiň ajaýyp belentliklerine tarap ýola düşdi. Täze döwrüň ösüşli ýoly Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döredijilikli başlangyçlarynyň has-da dabaralanmagyna, dowamat-dowam bolmagyna itergi bermek bilen, eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmaga, Watanmyzy bagtyýar raýatlaryň mekanyna öwürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpgöter ýokarlandyrmaga gönükdirilen wezipeleriň üstünliklere beslenmeginde oňyn täsire eýe boldy. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy’’ esasynda häzirki wagtda gadymy Ahal ýaýlasynda buýsanja mynasyp işler alynyp barylýar, iri gurluşyk taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär, häzirki zaman kärhanalary, zawoddyr fabrikler gurulýar. Gökdepe etrabynyň çäginde gurluşygy güýçli depginde alynyp barylýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygy bu sebitiň taryhyndaky iň iri taslama bolup durýar. Arkadagly Serdarymyzyň bimöçber aladasy esasynda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda döredijilikli we netijeli zähmetiň gadamlary barha batlanýar. Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň zähmetkeşleri tarapyndan hem guşgursak bugdaýyň we ak altynmyz bolan pagtanyň ýokary hasylyny almakda öňdebaryjylaryň hatarynda Watanmyzyň ösüşine özleriniň mynasyp goşandyny goşýarlar. Mundan başgada türkmen saçaklaryndaky we ak bazarlarymyzdaky bereket bolçulygyny artdyrmak üçin gök we bakja ekinlerini ekip bol hasyl ýetişdirýärler. Ýurdumyzy mundan beýläk-de has-da ösdürmek, halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşatmak ugrunda birnäçe işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň jany sag ömri uzak bolsun, il ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli işleri elmydama rowaç alsyn!
Hydyr DAŇATAROW
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Sarahs etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.