Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýip yglan edilmegi mynasybetli Babadaýhan etrabynyň Medeniýet öýünde etrap häkimliginiň, etrap medeniýet bölüminiň we etrap jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda aýdym-sazly maslahat duşuşygy geçirildi. Oňa etrabyň orta mekdepleriniň mugallymlary hem-de ýokary synp mekdep okuwçylary gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler ilki bilen dabara gatnaşyjylary täze 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilmegi bilen gutlap, Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygy netijesinde ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler barada aýratyn durup geçdiler. Täze ýylyň şygarynda ýaşlara bildirilýän beýik ynam, buýsanç, olar hakda edilýän alda aýdyň beýanyny tapýar. Mundan başgada bagtyýar zamanamyzda amala aşyrylýan ajaýyp işler Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň has-da eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir diýip, ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhynda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak hormatly Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasaty esasy ugry bolup durýar diýip belläp geçdiler. Soňra dabara aýdym-sazlar bilen utgaşyp gitdi. Etrabyň ussat medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetiren Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, Watanymyzyň ösüşlerini, ýurt Garaşsyzlygymyzy wasp edýän edebi-sazly çykyşlary we ajaýyp aýdym-sazlary dabara gatnaşyjylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.
Maslahata gatnaşyjylaryň ählisi Türkmenistan döwletimizi Bagtyýarlygyň mekanyna öwürmek ugrynda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Serdarymyza özleriniň alkyşly sözlerini aýtdylar.
Täjinar SAPAROWA,
TMÝG-niň Babadaýhan
etrap Geňeşiniň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.