“ARKADAG SERDARLY-BAGTYÝAR ÝAŞLAR ÝYLY”-MYNASYBETLI BAÝRAMÇYLYK ÇÄRESI

Her bir güni toýdyr, baýramlara beslenýän eziz ýurdumyzda täze 2022-nji ýylymyz uly üstünlikler bilen  tamamlanyp, 2023-nji ýyla batly gadam basdyk. Her ýylda däp boluşy ýaly bu ýylymyz hem “Arkadag Serdarly-bagtyýar ýaşlar” ýyly diýlip atlandyryldy. Bu bolsa biz ýaşlary diýseň buýsandyrdy. Şu mynasybetli Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Tejen şäher Medeniýet öýünde Tejen etrap häkimliginiň, Tejen etrabynyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy guramaçylykly geçirildi. Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda çykyş edenler 2023-nji ýyl Turkmenistanda “Arkadag Serdarly bagtyyar ýaşlar ýyly” diylip yglan edilmegi biz — ýaşlar bilen bagly bolmagy, ählimizi beýik ynama mynasyp eýe bolmaga ruhlandyrýar. Biz ― ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almagymyzda, saýlap alan hünärlerimiz boýunca bilimlerimizi artdyrmagymyzda, ylmy we döredijilik işlerine höweslenmegimizde, dünýagaraýşymyzyň giňelmeginde, hemmetaraplaýyn goldaw bermek hormatly Prezidentimiziň öňde goyan baş wezipeleriniň biridir diýip Arkadagly Serdarymyza alkyşly sözlerini aýtdylar.

 

A.ANNAMYRADOWA

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Tejen etrap Geňeşiniň Sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA