ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR ÝYLY

Her ýyly döwrebap atlandyrmak baradaky asylly däbe eýerip, ýurdumyzyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, iri jemgyýetçilik birleşiginde geçirlen maslahatlarda 2023-nji ýyly “Arkadag Serdarly Bagtyýar ýaşlar ýyly” diýip atlandyrmak hakynda öňe sürlen hem-de ähli halkymyz tarapyndan goldanyldan köp sanly teklipleri nazara alyp, ýurdumyzyň ykdysady,syýasy, medeni durmuşyna ýaşlaryň doly derede gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikleri döretmek, ýaş nesilleri halkymyzyň ruhy-ahlak däpleri,watançylyk, olaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini, şahsy başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek maksady bilen, uly işler alnyp barylýar.

Dogrudanam, 2023-nji ýyl “Arkadag Serdarly Bagtyýar ýaşlar ýyly” eýýäm başy başlanan işlerde hem duýýarys.Biz türkmen ýaşlaryna ähli taraplaýyn, ýelekden-ýeňil şertleri döredip berýän, Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Serdarmyza çäksiz alkyşlarymyzy adýarys. Goý Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarmyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Mundan beýläk hem il bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan belent maksatly tutumly işleri hemişe uly-uly üstünliklere beslensin.

 

Bezirgen BAÝRAMOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

Guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 43 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 64 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 60 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA