20-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oraly kabul etdi. Ilçi milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat resmi taýdan kabul etmäge wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen mähirli salamyny ýetirdi. Türkiýäniň Baştutany doganlyk türkmen halkyna bagtyýarlyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynyň ýolbaşçylaryna iň oňat arzuwlaryny aýdyp, döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtady. Dost-doganlygyň mizemez gatnaşyklary, hoşniýetliligiň iň oňat däpleri döwletara gatnaşyklaryň ygtybarly binýady bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ägirt kuwwata hem-de ajaýyp geljege eýe bolan köptaraply türkmen-türk hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek ugrundaky işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz hem-de ilçi özara bähbitlilik we uzak möhletleýinlik ýörelgelerinde ýola goýulýan döwletara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar.
Munuň şeýledigine bilelikde amala aşyrylan onlarça taslamalar hem-de häzirki wagtda durmuşa geçirilýän dürli ugurlardaky taslamalar, hususy ulgama degişli ugurlar boýunça işjeň ösdürilýän işewür gatnaşyklar, yzygiderli guralýan sergiler we işewürlik maslahatlary aýdyň şaýatlyk edýär. Söwda-ykdysady ulgam, energetika, gurluşyk toplumy, dokma senagaty, ulag-aragatnaşyk pudagy we beýlekiler özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda agzaldy.
Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl bellenilýän şanly senäniň — halkara derejede ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän sebitde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, ählumumy durnukly ösüş, abadançylyk hem-de rowaçlyk üçin şertleri döretmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlarynyň ähmiýeti nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda Türkiýe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral giň gerimli meseleler boýunça geçirilen netijeli pikir alyşmalar üçin milli Liderimize ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, türkmen-türk gatnaşyklaryny has-da berkitmek hem-de iki doganlyk ýurduň we halkyň bähbitlerine doly kybap gelýän netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna döwlet Baştutanymyzy ynandyrdy.
“Nesil” gazeti,
23.01.2020ý.