BE­LENT MAK­SAT­LA­RYŇ ÇEL­GI­SI

20-nji fewralda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Milli Liderimize, ilki bilen, ykdysadyýet we maliýe ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýer alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlete dahylsyz ulgamy goldamak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, bu ugurda görülýän çäreler barada aýdyp, abraýly ykdysady düzümler, şol sanda OPEK Halkara ösüş gaznasy bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça geçirilýän işler barada habar berdi.

Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň amala aşyrýan taslamalaryny maliýeleşdirmek hakyndaky resminamanyň taslamasyny hödürledi. Milli Liderimiz häzirki wagtda ýurdumyzda halk hojalyk toplumynyň bu ulgamynyň netijeli hem-de okgunly ösdürilmegi üçin oňaýly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleriniň döredilendigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň amala aşyrýan taslamalaryny maliýeleşdirmek hakyndaky Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi we oňa birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Şu günler ekerançylyk meýdanlarynda ak ekinlere ideg işleri agrotehniki kada laýyklykda alnyp barylýar, oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlary abatlamak işleri dowam edýär. Maldarçylyk hojalyklarynda mallaryň dok we ýyly gyşladylmagy üçin ähli zerur şertler döredildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek we toplumda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri amala aşyrmak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer «Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň 2020 — 2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalaryny gurmagy hakynda» Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, «Türkmensement» döwlet kärhanasynyň Bäherden we Lebap sement zawodlarynyň kuwwatlylygyny her ýylda 1 million tonna ýetirmek maksady bilen, olaryň ikinji nobatdakysynyň gurluşygy meýilleşdirildi.

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümlerini öndürýän kärhanany, Gökdepe etrabynda bir gije-gündizde 100 tonna aýna önümlerini öndürýän goşmaça önümhanany, Daşoguz şäherinde dürli görnüşli keramiki gap-gaçlary öndürýän zawody gurmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ýylda 150 müň tonna kuwwaty bolan armatura öndürýän goşmaça önümçilik desgasynyň gurluşygy meýilleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýyl eziz Diýarymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramy mynasybetli örän giň gurluşyk maksatnamasynyň kesgitlenendigini we birnäçe desgalaryň ulanylmaga berilmeginiň meýilleşdirilýändigini belläp, wise-premýere meýilleşdirilen ähli işler ýerine ýetirilende, häzirki zaman tehnikalarynyň we täze tehnologiýalaryň ulanylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini aýtdy.

Söwda toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer işleriň ýagdaýy hem-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň we «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň meseleleri hakyndaky Kararlaryň taslamalary baradaky hasabaty bilen çykyş etdi.

Birleşigiň Düzgünnamasy hem-de merkezi edarasynyň gurluşy baradaky teklipler, şeýle hem Dokma senagaty ministrliginiň düzüminden haly we ýüpekçilik pudaklarynyň aýrylmagy bilen baglylykda, bu ministrligiň Düzgünnamasynyň hem-de onuň merkezi edarasynyň gurluşynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi we «Türkmenhaly» döwlet birleşigi hakynda Düzgünnamalary, şeýle hem olaryň merkezi edaralarynyň gurluşy we bu resminamalary tassyklamak hakyndaky Kararlara gol çekip, olary elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi hem-de şolaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna gazet-žurnallaryň redaksiýalarynyň Tertipnamalaryny tassyklamak hakynda Kararyň taslamasy hödürlenildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti gazet-žurnallaryň esaslandyryjysy bolup durýar.

Milli Liderimiz esaslandyryjysy Ministrler Kabineti bolan gazet-žurnallaryň redaksiýalarynyň Tertipnamalaryny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi we bu babatda birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýeriň, Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň hasabatlary hem diňlenildi. Mejlisde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe möhüm meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

“Nesil” gazeti,

22.02.2020ý.