ÝAŞ­LAR — WA­TA­NY­MY­ZYŇ GEL­JE­GI

26-njy fewralda hormatly Prezidentimiz döwlet ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmegiň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmak maksady bilen maslahat geçirdi. Maslahata Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, bilim ministri, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda ýaşlaryň işi, durmuşy, okuwy we dynç alşy bilen bagly meselelere garaldy.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy Mejlisiň deputatlarynyň döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny gowulandyrmagyň, aýratyn-da, ýaşlar syýasatyny işjeňleşdirmegiň möhüm şerti bolup durýan kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işleri barada milli Liderimize habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Mejlisiň deputatlarynyň ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň, aýratyn-da, häzirki wagtda uly ähmiýete eýe bolan ýaşlar syýasatynyň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegine uly goşandynyň bardygyny belledi. Demokratik döwletimiziň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen birlikde, deputatlaryň ýaşlaryň arasynda geçirilýän işleriniň netijeli häsiýete eýe bolmagy zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna söz berdi. Wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we medeniýet ulgamynyň işgärleriniň döredijilik hem-de hünär taýdan ösmegi üçin hemme mümkinçilikleriň döredilendigini belläp, döwrüň talaplaryny we jemgyýetiň ruhy ýörelgelerini nazara almak bilen, bu ugurda alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilýändigi barada hasabat berdi.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda meýilleşdirilen köpçülikleýin medeni çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, ägirt uly işler, şol sanda telegepleşikleri, teatr repertuarlaryny giňeltmek we täzelemek, muzeýleriň gymmatlyklarynyň üstüni doldurmak hem-de dürli çeper sergileri guramak boýunça uly işleri geçirmegiň meýilleşdirilendigi bellenildi. Täze döredilýän eserlerde, guralýan edebi-sazly çykyşlarda nesil terbiýesine möhüm orun berilýär.

Wise-premýer medeniýet işgärleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň şanly seneleri hem-de baýramçylyk dabaralary, ilkinji nobatda, Watanymyzyň Bitaraplygynyň we ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň dabaralary mynasybetli hormatly Prezidentimiziň talap edişi ýaly, gyzykly tele we radiogepleşikleri taýýarlajakdyklaryna, täze sahna eserleriniň goýuljakdygyna, merdana halkymyzy şöhratlandyrýan täze aýdym-sazlaryň dörediljekdigine, ýaş zehinleriň ýüze çykaryljakdygyna ynandyrdy.

Ýurdumyzda ýaş nesilleri halkymyzyň ýagşy dessurlary, muzeýlerde saklanylýan milli gymmatlyklar bilen giňden tanyşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.

Döwlet Baştutanymyz medeniýet edaralarynyň öňünde durýan möhüm wezipeler barada aýdyp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde ýetilen belent sepgitleri, agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda gazanylan üstünlikleri, durnukly ösüşi üpjün etmek babatda ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň umumadamzat ähmiýetini giňden ýaýmak meseleleriniň aýratyn möhümdigine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz ýaşlara sagdyn durmuş kadalaryny ündemek, belent ahlak gymmatlyklaryny wagyz etmek, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, milli medeniýetimizi ösdürmek bilen bagly işleri güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň bilim ministri häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň döredijilikli başlangyjy esasynda ylymly-bilimli, sagdyn, berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge ukyply nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda netijeli zähmet çekmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilýändigi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz ýaşlary takyk bilimlere ugrukdyrmak, dünýäniň ösen innowasion tejribelerini, halkara standartlaryny, sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak arkaly orta we ýokary bilim edaralaryny halkara derejä çykarmak boýunça wezipeleri çözmek maksady bilen, «Bilim hakyndaky» Kanuna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň zerurdygyny belledi.

Soňra Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy milli Liderimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarynyň, gazanylýan üstünlikleriň halkymyzyň bagtyýar we eşretli durmuşy bilen berk baglanyşyklydygyny nygtady.

Zenanlar guramalary, uly güýje eýe bolan kärdeşler arkalaşyklary jemgyýetimiziň güýç-kuwwatyny, her bir adamyň döredijilik mümkinçiliklerini öňde goýlan belent maksatlara ýetmäge gönükdirmek üçin ähli tagallalary etmelidir diýip, milli Liderimiz nygtady. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda amala aşyrylýan özgertmelere ýaşlaryň işjeň çekilmegini bu işiň esasy ugry hökmünde görkezdi.

Maslahatyň dowamynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň ýaşlary bilen alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, olaryň jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýetli wakalara işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň arasynda geçirilýän işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede guralmalydygyna ünsi çekip, ýaş nesilleriň döredijilikli zähmeti, bilim almagy, hemmetaraplaýyn ösmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi. Şunda, döwlet Baştutanymyz ýaşlaryň arasynda milli däp-dessurlarymyzyň giňden wagyz edilmelidigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz ýaş nesilleriň bilimi we terbiýesi bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan maslahaty jemläp, oňa gatnaşyjylaryň ünsüni guralýan çärelerde Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan wakalaryň möhüm orun eýelemelidigini belledi.

Maslahatyň ahyrynda milli Liderimiz hemmelere öňde durýan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

“Nesil” gazeti,

29.02.2020ý.