6-njy martda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň iki aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli beýleki birnäçe möhüm meselelere seredildi.
Ilki bilen, ykdysadyýet we maliýe ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýer göni sanly wideoaragatnaşyga çagyryldy. Wise-premýer 2020-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6 göterim ýokarlandy. Ýanwar-fewral aýlarynyň netijeleri boýunça bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 19,3 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi bolsa 3,8 göterim artdy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 3,2 milliard manat, çykdajy bölegi bolsa 2,6 milliard manat möçberinde ýerine ýetirildi. Iri we orta kärhanalar boýunça ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,6 göterim ýokarlandy. Milli Liderimiz wise-premýere mejlisiň jemleri boýunça giňişleýin maslahat geçirmegi, halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklarynyň ösüş depginini saklamak boýunça çäreleriň toplumyny kesgitlemegi hem-de bu mesele boýunça hasabat bermegi tabşyrdy.
Nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hasabatda nebiti gaz kondensaty bilen çykarmagyň meýilnamasynyň 110,2 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasynyň 105,7 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasynyň 106,1 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasynyň 104,9 göterim, maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasynyň 152,5 göterim ýerine ýetirilendigi barada habar berildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmegiň ösüş depgini 119,5 göterime, tebigy we ugurdaş gaz çykarmagyň ösüş depgini 104,9 göterime, «mawy ýangyjyň» eksportynyň ösüş depgini 102,1 göterime barabar boldy. Dünýä iş tejribesinde umumy kabul edilen kadalaryň, häzirki zaman halkara ölçegleriň esasynda nebitgaz pudagynyň dolandyryş ulgamyny hasda kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz bu babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.
Gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Degişli döwürde bu toplumda öndürilen önümleriň hem-de ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 131,3 göterime deň boldy we meýilnama 122,7 göterim ýerine ýetirildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça meýilnama 102,5 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 102,6 göterime barabar boldy. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 110,5 göterime, ösüş depgini bolsa 109,7 göterime barabar boldy. Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 139,7 göterime deň bolup, 124,4 göterim ösüş depgini gazanyldy. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 117,5 göterime deň bolup, ösüş depgini 170 göterime barabar boldy. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň işini güýçlendirmegiň zerurdygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz bu düzümiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.
Söwda toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer söwda we dokma pudaklarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda 2020-nji ýylyň ilkinji iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça hasabat döwründe haryt dolanyşygynyň umumy möçberi 8,7 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça ýanwar-fewral aýlarynda öndürilen önümleriň umumy möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11,1 göterim ýokarlandy. Bu görkeziji «Türkmenhaly» döwlet birleşiginde 22,6 göterime deň boldy. Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan hasabat döwründe birža söwdalarynyň 42-si geçirilip, 5 müňden gowrak şertnama baglaşyldy, şolaryň köpüsi eksport-import amallary boýunça baglaşyldy. Ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň möçberi 64,9 göterim artdy, girdeji 96,7 göterim köpeldi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça ýanwar-fewral aýlarynda senagat önümleriniň öndürilişi 11 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişi 2,1 esse artdy. Milli Liderimiz wise-premýere syýahatçylyk ulgamynyň işini güýçlendirmek hem-de döwrebap ýola goýmak barada anyk tabşyryklary berdi.
Soňra bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýer ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, Bilim ministrliginiň ýanynda Innowasiýa maglumat merkezi döredildi. Hasabat döwründe okuw kitaplarynyň 30 görnüşiniň neşir edilendigi habar berildi. Ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy işleriň 346-sy ýerine ýetirildi. Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyndan gelip gowşan serişdeleriň möçberi 115 göterim, ýerine ýetirilen hyzmatlardan alnan girdeji 110 göterim, şypahana hyzmatlaryndan alnan girdeji 109 göterim artdy. Degişli döwürde ýurdumyzda içerki ýaryşlaryň 14-si we köpçülikleýin sport çäreleriniň 12-si geçirildi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere degişli ugurlar boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Senagat we kommunikasiýa toplumlaryna gözegçilik edýän wise-premýer şu ýylyň iki aýynda alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, geçen döwürde gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan önümçilik meýilnamasy 115,5 göterim ýerine ýetirilip, 118,2 göterim ösüş depgini gazanyldy. Şol sanda «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça ösüş depgini 123,3 göterime, «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça 119,6 göterime, «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça 116,6 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 186,8 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça 110,9 göterime barabar boldy. Awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ulaglary arkaly ýük daşamakda meýilnama 113,7 göterim, ýolagçy gatnatmakda meýilnama 100,6 göterim berjaý edildi. «Hyundai AII New Super Aero City» kysymly awtobuslary satyn almak hakynda» Karara gol çekip, milli Liderimiz ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi hem-de Kararda bellenilen düzgünleri ýerine ýetirmek boýunça degişli görkezmeleri berdi.
Medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň ýanwar-fewral aýlarynda ýurdumyzda geçirilen dürli medeni çäreler, sergiler, döredijilik bäsleşikleri, wagyz-nesihat duşuşyklary, şeýle-de Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Ýylyň başyndan bäri Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan kitap önümleriniň 65 görnüşi çap edilip, meýilnama 110,3 göterim ýerine ýetirildi. Pudaklaýyn düzümleri yzygiderli kämilleşdirmegiň we olaryň işini döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz bu ugurda işleri döwrebap derejede guramak üçin degişli teklipleri taýýarlamak barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Tutuş oba hojalyk toplumynda önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 117,9 göterime deň boldy. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 117,3 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 130,2 göterime, «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça 103,6 göterime barabar boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 120,2 göterim ýerine ýetirildi. Hormatly Prezidentimiziň garamagyna obasenagat toplumyny mundan beýläk-de depginli ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taslamalary hödürlenildi. «Ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakynda» hem-de «Bugdaý we şaly ýygýan kombaýnlar, sürüm traktorlary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny, çalgy ýaglaryny, sarp ediş serişdelerini hem-de ýük awtoulaglarynyň we traktorlaryň tigirlerini satyn almak hakynda» Kararlara gol çekip, milli Liderimiz olary elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi we degişli tabşyryklary berdi.
Mejlisiň Başlygy döwletimiziň kanunçylyk esaslaryny kämilleşdirmek, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri hukuk taýdan goldamak boýunça şu ýylyň başyndan bäri Milli Parlamentiň alyp baran işleri barada habar berdi. Döwlet Baştutanymyz kanun çykaryjylyk işiniň giň gerimli döwlet maksatnamalary durmuşa geçirmegiň esasy serişdesidigini hem-de halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, raýat edaralarynyň pugtalandyrylmagyna we jemgyýetde demokratik gymmatlyklaryň berkarar bolmagyna ýardam berýändigini nygtady.
Soňra hormatly Prezidentimiz göni wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryny, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryny çagyrdy. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekip, milli Liderimiz wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle hem şu ýylyň iki aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni çekip, döwlet Baştutanymyz şolaryň ýurdumyzyň depginli ösüşine şaýatlyk edýändigini kanagatlanma bilen belledi. Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň ykdysadyýetinde jemi içerki önümiň görkezijisi 6,3 göterim möçberde saklanyp galýar. Bu ösüş depgini oba hojalygynda 3,1 göterim boldy. Söwda ulgamy 11,1 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagy 10 göterim ösdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu gün Türkmenistanda umumy bahasy 35 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän dürli desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen dowam edýär. Şolaryň köpüsi ýaşaýyş-durmuş maksatly binalardyr. Gurluşyk işleriniň umumy bahasynyň 16 milliard amerikan dollaryndan gowrak möçberini Türkmenistanyň gurluşyk-gurnama edaralarynyň ýerine ýetirýändigi bizi aýratyn guwandyrýar.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başgada birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
“Nesil” gazeti,
10.03.2020ý.