NURANA GELJEGI NAZARLAP

26-njy martda hormatly Prezidentimiz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň san­ly wi­deoa­ra­gatna­şyk ar­ka­ly no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. Mej­lis­de döw­let dur­mu­şy­nyň der­wa­ýys mese­le­le­ri­ne ga­ral­dy hem-de bir­nä­çe res­mi­nama­lar ka­bul edil­di.

Ilki bilen, göni wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet we maliýe ulgamlaryna gözegçilik edýän orunbasary çagyryldy. Ol gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy, milli ykdysadyýetimiziň ösüş depginlerini saklamak boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, soňky ýyllarda sertifikatlaşdyrmanyň döwletleriň arasynda söwda, önümçilik gatnaşyklary, şeýle hem hil ölçegleri babatda hyzmatdaşlyk bilen bagly esasy meseleleri çözmekde möhüm orun eýeleýändigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän orunbasary ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmek, nebitgaz senagatynyň önümçilik we serişdeler kuwwatyny berkitmek, pudak üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak hem-de işgärleriň hünärlerini kämilleşdirmek, nebitgaz ulgamynda ylmy-barlag işlerini döwrüň talabyna laýyk guramak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, uglewodorod çig malynyň uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzda bu baýlygyň netijeli ulanylmagynyň milli ykdysadyýetimizi sazlaşykly ösdürmäge täze kuwwatly itergi berjekdigini, nebiti we gazy düýpli işläp taýýarlamaga ýöriteleşdirilen täze önümçilikleri döretmek hem-de türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň eksport ugurlaryny artdyrmak üçin şertleri üpjün etjekdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary hasabatyny welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin meýdan işlerinden başlady.

«Ak altyn» ussatlarynyň milli Liderimiziň ak pata bermegi bilen Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda gowaça ekişine guramaçylykly girişendigini, daşoguzly daýhanlaryň möwsüme girişmäge taýýarlyk görýändigini aýtdy. Täze gelip gowşan tehnikalar hem-de olaryň sanly kommunikasiýa ulgamlary bilen üpjün edilendigi barada aýdyp, obasenagat toplumyny ählitaraplaýyn ösdürmäge berýän örän uly ünsi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere möwsümleýin işleriň depginini artdyrmak, kärendeçi daýhanlary maddy-tehniki taýdan üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, harby özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzda durnuklylygy üpjün etmek maksady bilen görülýän toplumlaýyn çäreler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Türkmenistanyň Harby doktrinasyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz bu strategiýanyň dünýädäki harby-syýasy ýagdaýy nazara almak arkaly işlenip taýýarlanylandygyny hem-de döwlet syýasatynyň esasy ýörelgelerine laýyk gelýändigini aýdyp, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň öňünde duran wezipeleriň her bir ýolbaşçydan öz işine örän jogapkärli çemeleşmegi talap edýändigini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary hormatly Prezidentimize gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de elektrik energetikasy pudagynyň kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hereket edýän energetika ulgamyny giňeltmek boýunça geçirilýän giň gerimli işleriň wajypdygyny ýene-de bir gezek nygtady we ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň kuwwatyny yzygiderli artdyrmagyň göz öňünde tutulan meýilnamalaryň we ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýändigini belledi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we kommunikasiýa, söwda toplumlaryna, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryna gözegçilik edýän orunbasarlary hem-de daşary işler ministri yzly-yzyna hasabat bilen çykyş etdiler.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, wise-premýerlere degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň söwda toplumynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça birža söwdalaryny geçirmegiň tertibini kämilleşdirmek hakynda» we «Türkmenistanda azyk harytlarynyň üpjünçiligini has-da artdyrmak hem-de eksportyny we importyny düzgünleşdirmek boýunça pudagara toparyň düzümini tassyklamak hakynda» Kararlara gol çekdi. Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işinde ýokary çeperçilik derejesi we mazmunynyň köpdürlüligi, şeýle hem bezelişi bilen tapawutlanýan ýokary hilli, many-mazmunly gepleşikleri taýýarlamak üçin uly mümkinçilikleri açýan sanly tehnologiýalardan has doly peýdalanmagyň möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz depginli ösýän, häzirki wagtda halkara ykdysady, medeni we tehnologik giňişlige işjeň goşulyşýan Türkmenistanyň durmuşyň ähli ulgamlaryna täzelikleri çekmegiň işjeň tarapdary bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny belledi.

Milli Liderimiz halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, Diýarymyzyň ylmy institutlarynyň mümkinçiligini has-da netijeli peýdalanmak, häzirki zamanyň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ösdürmäge itergi bermek boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleriniň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny belledi. Ýurdumyz olaryň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeläp, bu möhüm ulgamda netijeli sebit we halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň çäklerinde gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen anyk başlangyçlar bilen çykyş edýär.

Soňra Mejlisiň Başlygy çykyş edip, Milli Parlamentiň döwletimiziň kanunçylyk esaslaryny kämilleşdirmek, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri kanunçylyk taýdan goldamak boýunça alyp barýan işleri barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Mejlisiň kanun çykaryjylyk işiniň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň, konstitusion we beýleki oňyn özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijeli guraly bolup durýandygyny belläp, Türkmenistanyň häzirki ösüşiniň ýagdaýyny nazara almak bilen, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etmegiň wajypdygyny nygtady.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz Hökümetiň indiki mejlisiniň giňişleýin düzümde onlaýn düzgüninde geçiriljekdigini, onuň barşynda ýurdumyzyň pudaklarynyň ýerine ýetiren işleriniň hem-de şu ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemlerine garaljakdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz ähli ýolbaşçylara tutanýerli zähmet çekmegi we özygtyýarly Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň hatyrasyna uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

“Nesil” gazeti,

28.03.2020ý.