29-njy martda hormatly Prezidentimiz özüniň boş wagtlaryny sport bilen meşgullanmak, şol sanda at münmek hem-de döredijilik işlerine sarp etmek ýaly adaty endigine eýerip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna geldi. Milli Liderimiz bu ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşdy, atly gezelenç etdi hem-de döredijilik bilen meşgullandy.
Ýaz paslynyň howasy kalbyňy joşduryp, ynsanda täze maksatlary, pikirleri döredýär. Munuň özi tebigatyň gözelliklerini, ahalteke bedewi ýaly ajaýyp eseri döreden suratkeşiň we heýkeltaraşyň zehinini özünde jemlän bedewler bilen didarlaşmak üçin iň gowy pursatdyr. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň atçylygyny ösdürmek işinde taýsyz tagallalary edip, öz asylly işi bilen tutuş dünýäde ahalteke bedewlerini wagyz etmäge hem-de halkara bileleşigiň ünsüni olaryň taryhy Watanyna hem-de bu ugurda milli mirasymyza çekmäge uly goşant goşdy. Hormatly Prezidentimiz atlara söýgi bilen garap, olara özüniň boş wagtyny bagyşlap, edebi döredijiliginde ahalteke bedewlerini wasp edişi hemmämize mälimdir.
...Döwlet Baştutanymyz bedewler bilen didarlaşyp, Gyratym atly bedewi athanadan çykardy we onuň bilen birsellem gezim etdi. Şondan soň hormatly Prezidentimiz bedewi ýorgalap çapdy.
Behişdi bedewiň ýurdumyzyň baş nyşanyna öwrülmegi, döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygynyň aýdyň beýanyna öwrülmegi kanunalaýyklykdyr. At türkmen üçin wepaly ýoldaş we dostdur, ygtybarly kömekçi we sazlaşygyň nusgasydyr. Halkymyzyň döredijilik ylhamy bedewi jadyly güýje öwürdi, şonuň üçin behişdi bedewler arzuw, üstünlik ýaly duýgular, ýagşy arzuwlar bilen sazlaşýar. Bularyň hemmesi gadymy döwürlerden şu günlere çenli milli sungatda hem öz beýanyny tapdy. Milli Liderimiz öz kitaplarynda Diýarymyzyň taryhyna, asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgelere, paýhasly pederlerimiziň döreden gymmatlyklaryna hem-de halkymyzyň asylly däp-dessurlaryna aýratyn ähmiýet berýär.
Şol gün hormatly Prezidentimiz atçylyk toplumyndaky iş otagynda täze kitabyny döretmäge girişdi. Milli Liderimiz eseri ýazýan wagtynda ylmy maglumatlara hem-de ygtybarly edebi çeşmelere, asyrlar aşyp gelýän we halkymyzyň durmuşynda mäkäm orun alan ýörelgelere esaslanýar, türkmen halkynyň baý taryhyny, il arasynda ýörgünli rowaýatlary, halk döredijiliginiň eserlerini içgin öwrenýär. Bu bolsa döwlet Baştutanymyzyň eserleriniň has gymmatly hem-de ygtybarly bolmagyny üpjün edýär.
Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň milli mirasymyzy kabul etmegine aýratyn üns berýär. Çünki biziň mirasymyz — bu diňe ýadygärlikler, döredijilik, däp-dessurlar däl-de, eýsem, halkymyzyň ruhy baýlygy, onuň durmuş-taryhy hakydasy bolup, olara ýüzlenilmegi öçmejek hakykaty, ata-babalarymyzyň wesýetlerini, olaryň ahlak ýörelgelerini hemde häzirki jemgyýetiň düşünjesinde geljekki nesillere pentleri ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Milli Liderimiz bu ugurda esasy maksatlary kesgitläp, birleşdiriji baş pikiri: milli baýlygymyza ägirt uly medeni maýa nukdaýnazaryndan seretmek pikirini öňe sürýär. Bularyň hemmesi nusgawy edebiýata hem, halk sazlaryna hem, amaly-haşam sungatyna, binagärlige we däbe öwrülen senetlere, döredijilige hem-de etnografiýa, gözellige we türkmen topragynyň tebigatyna degişlidir.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda milli medeniýetimizi ösdürmek meselesine uly ähmiýet berýär. Döwletiň döredýän şertleri dünýäniň ähli halklary bilen medeni hyzmatdaşlygyň köpdürli görnüşlerini döretmäge, türkmeniň baý mirasyny dünýä ýaýmaga ýardam etdi.
Ýaşlary döwrüň synagyndan geçen halk terbiýesiniň esasynda kemala getirmek aýratyn ähmiýete eýedir. Bu mesele döwlet Baştutanymyzyň täze eserinde hem gozgalýar, onda milli dünýägaraýşyň etiki ýörelgelerine, maşgala sütünlerine, tebigata bolan garaýyş, asyrlarboýy dowam edip gelýän däp-dessurlara möhüm orun berilýär. Türkmeniň edim-gylymynyň esasy aýratynlyklary, baryp, gadymy döwürlerde, köp sanly däp-dessurlaryň dörän wagtynda emele gelip başlapdyr. Häzir olar nesilden-nesle aýawly geçirilýän halk paýhasynyň genji-hazynasy bolup durýar. Parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we hoşniýetlilik türkmeniň häsiýetiniň aýrylmaz alamatlary bolup, olar diňe goňşularyň medeniýetine we däplerine hormat goýmakda däl-de, eýsem, ylymda we sungatda gazanylan zatlarda öz beýanyny tapdy. Häzir şol alamatlar täze äheňe eýe bolup, olar halkara gatnaşyklarda, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda ýüze çykdy.
Milli Liderimiziň her bir kitaby milli medeniýetimiziň taryhy hakynda maglumatlaryň hazynasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, jemgyýetiň ösüşiniň esasyny düzýän ynsanperwerlik duýgusy hakynda gürrüň berýän eserdir. Hormatly Prezidentimiziň täze ýazyp başlan işiniň hem halkymyzyň ruhy baýlygyna öwrülip, türkmen medeniýetiniň, onuň dürli ugurlarynyň gülläp ösmegi, ata Watanymyzyň zehinleriniň has-da artmagy üçin ýene-de bir itergi berjekdigi görnüp duran hakykatdyr.
“Nesil” gazeti,
31.03.2020ý.