NUSGALYK GÖRELDE — NESILLERE ÝÖRELGE

31-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň institutynda bolup, bu ýerde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik hem-de amaly-türgenleşik işleri bilen tanyşdy.

Milli Liderimiziň gatnaşmagynda 2009-njy ýylda açylan bu ýokary okuw mekdebiniň ak mermere beslenen binalar toplumy Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrundaky desgalar bilen özboluşly sazlaşygy emele getirýär. Iň täze enjamlar, öňdebaryjy sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen institutda Içeri işler ministrliginiň düzüm bölekleri üçin ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylýar. Okuw işlerinde häzirki zaman ylmy esasynda işlenip taýýarlanylan bilim bermegiň tärleri we usullary işjeň peýdalanylýar. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna, iň täze tehniki serişdeleri giňden ornaşdyrmagyň hasabyna bu edaralaryň işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga berilýän ägirt uly ünsüň netijesidir.

...Institutyň merkezi girelgesinde içeri işler ministri ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna institutda geçirilýän işler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz institutyň işi bilen tanyşlygyny sport zallary synlamakdan başlady, olaryň enjamlaşdyrylyş derejesi, şeýle hem talyplaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy. Ilatyň ähli gatlaklary, ozaly bilen bolsa talyp ýaşlar üçin sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmekde sportuň eýeleýän orny barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz munuň diňe bir Içeri işler ministrliginiň institutynyň däl-de, ähli hukuk goraýjy edaralary üçin möhüm ýörelge bolmalydygyny belledi.

Ähli düzümlerde bolşy ýaly, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hem açyk we ýapyk görnüşli sport meýdançalary, ýüzüş howuzlary, türgenleşik zallary hereket edýär. Bularyň ählisi ozaly bilen ösüp gelýän nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmagynyň baş şertini emele getirýär hem-de durmuş derejesini ýokarlandyrýar.

Institutyň çäginde häzirki zaman sport merkezi, beýleki degişli desgalar bar, munuň özi milli Liderimiziň görkezmeleri boýunça sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek ugrunda toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylýandygynyň subutnamasy bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň «Galkan» gyş sport merkezine baryp, bu ýerde türgenleşik işlerini geçýän Içeri işler ministrliginiň «Galkan» we ministrligiň garamagyndaky institutyň «Nesil» hokkeý toparlarynyň hokkeýçileri bilen söhbetdeş bolup, olaryň türgenleşikleri, talyp ýaşlaryň okuwlary we umuman, bu ýerde döredilen şertler bilen gyzyklanmagy aýratyn täsirli boldy. Türgenler hormatly Prezidentimize türgenleşik geçmekde hem-de sport ussatlygyny ýokarlandyrmakda döredilen ajaýyp şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Milli Liderimiz toparlaryň türgenleşiklerini synlap, hokkeýçilere täze ýeňişleri arzuw etdi hem-de olara sport egin-eşiklerini sowgat berdi.

Häzirki wagtda «Galkan» we «Nesil» toparlary türkmen hokkeýinde öňdäki orunlary eýeläp, öz ussatlyklaryny yzygiderli ýokarlandyrýarlar. «Galkan» topary birnäçe gezek Türkmenistanyň çempiony bolup, bu topar köp sanly halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş etdi. «Nesil» hokkeý topary bolsa geçen ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyna mynasyp boldy.

Bu ýokary okuw mekdebiniň çäginde sportuň beýleki görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli zerur şertler döredildi. Häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan türgenleşik we sport zallary beden taýýarlygyny kämilleşdirmek üçin niýetlenendir.

Bilşimiz ýaly, ýaşlary sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýaşlar zerur bilimlere we başarnyklara eýe bolmak bilen bir hatarda, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil, maksada okgunly bolmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, sport meýdançalarynyň we zallarynyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin degişli çäreleriň görülmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Talyplaryň taýýarlyk ulgamynda sportuň harby-amaly görnüşlerine ilkinji derejeli üns berilmeginiň zerurdygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy.

Soňra milli Liderimiz bu ýerde bar bolan we ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň düzümlerine täze gelip gowşan ýörite tehnikalar, häzirki zaman ýaraglary hem-de enjamlary bilen tanyşdy. Ýöriteleşdirilen atyşhana zalyna baryp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu ýerde bar bolan häzirki zaman kämil söweşjeň ýaraglarynyň häsiýetnamalary bilen tanyşdy we nyşana ok atdy. Döwlet Baştutanymyzyň atan oklarynyň hemmesiniň nyşananyň onlugyna düşmegi hormatly Prezidentimiziň ýokary ussatlygynyň ýaşlar üçin nusgalyk mekdepdigini alamatlandyrdy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň belleýşi ýaly, bedenterbiýe we sport adamda maksada okgunlylyk häsiýetlerini terbiýeleýär. Munuň özi hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümleri üçin esasy ýörelgä öwrülmelidir.

Milli Liderimiz atylan oklaryň nyşana degendigini görkezýän şekili içeri işler ministrine gowşurdy. Ministr ony hoşallyk bilen kabul edip, bu maglumatyň ministrligiň muzeýinde möhüm orun eýelejekdigini, şeýle hem onuň ýaşlary uly üstünliklere ruhlandyrýan gymmatlyga öwrüljekdigini aýtdy.

Institutyň binalar toplumyna döwrebap naharhananyň girýändigini bellemeli. Bu ýerde taýýarlanýan tagamlaryň hil derejesine möhüm ähmiýet berilýär. Tagam taýýarlamakda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen neşir edilen «Bereketli türkmen saçagy» atly kitap zerur gollanma bolup durýar. Şol gün naharhanada milli tagamlaryň biri hasaplanylýan burçly unaş taýýarlanypdyr. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, paýhasly pederlerimiziň bu tagamyň kömegi bilen ynsan saglygynyň kesele durumlylygyny berkidendikleri mälimdir. Dogrudanam, türkmen milli tagamlary diňe bir datlylygy boýunça däl-de, eýsem, ýokumlylyk, kesellere durumlylygy berkitmek babatda hem tapawutlanypdyr.

Institutyň binalar toplumynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy, olarda hukuk goraýjy edaralar üçin ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak hem-de okatmagyň ähli ugurlaryna häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, ýokary okuw mekdebiniň zerur bolan enjamlar bilen üpjünçilik derejesi şunuň ýaly ugurdaş okuw mekdeplerine bildirilýän ähli talaplara laýyk gelýär.

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Içeri işler ministrliginiň institutyna önümçiligi Türkmenistanda ýola goýlan «Agzybirlik tilsimaty» kärhanasynyň önümi bolan häzirki zaman kompýuterleriniň 300-sini sowgat berdi. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça milli ykdysadyýetimiziň ýaş pudagy bolan elektron senagatynyň ösdürilmegi sanlylaşdyrmak boýunça konsepsiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ägirt uly ähmiýete eýedir. Häzirki zaman tehnikalarynyň we döwrebap enjamlarynyň bolmagy, olaryň netijeli peýdalanylmagy Içeri işler ministrligi üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda möhüm şert bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow institut bilen tanyşlygyny tamamlap, hemmelere öňde durýan jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikler arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

“Nesil” gazeti,

02.04.2020ý.