ZEHINLERI ÝÜZE ÇYKARAN ÝARYŞ TAMAMLANDY

«ÝAŞ HABARÇY» BÄSLEŞIGINE

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleriniň netijesinde ýurdumyz bu günki gün “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda bedew bady bilen öňe barýar. Güneşli ülkämiziň dünýä ýurtlarynyň ösen döwletleri bilen deň aýak alyp gitmegi üçin gönükdirilen umumyadamzat ähmiýetli maksatnamalar, medeni, syýasy-jemgyýetçilik, ylym-bilim özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Çagalaryň, mekdep okuwçylaryň, ýaşlaryň bagtyýar çagalygyň mekanynda çagalygyň, ýaşlygyň şatlygyny duýup, bagtly durmuşda ýaşamagy, tehnologiýalar dünýäsiniň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan çagalar baglarynda, ak mekdeplerde bilim-terbiýe almagy, ýaşlykdan sporta, bedenterbiýä imrinmegi,  giň dünýägaraýyşly, kämil nesil bolup ýetişmegi ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň edýän atalyk adalary bimöçberdir.

Şeýle maksatnamalaryň çäklerinde, ýaňy ýakynda Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 2002-2003-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriniň arasynda boks boýunça Türkmenistanyň birinjiligi almak ugrunda bäsleşik geçirildi. Aşgabat şäherinden we welaýatlardan gatnaşan türgenler bu bäsleşikde 10 agram derejesinde güýç synanyşdylar. Jemi 8 topardan 143 sany türgeniň gatnaşmagynda ýurdumyzyň birinjiligini almak ugrunda geçirilen bu bäsleşige welaýatymyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan okuwçylarymyz hem özleriniň işjeňligini, okuwlaryndan daşary sport mekdeplerinde alan tejribelerini we ussatlygyny görkezmegi başardylar. Ýaryşda ezber türgünlerimize 1-nji sport mekdebinden tejribeli tälimçi Serdar Hajyýew ýolbaşçylyk etdi. Welaýatymyzyň adyndan wekilçilik eden türgenlerimizden Balkanabat şäheriniň 12-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Orazimbet Musirow 49 kg agram derejesinde özüniň geçen ýylky üstünligini gaýtalap, bassyr ikinji gezek Türkmenistanyň çempiony diýen ada eýe boldy. Şeýle hem Magtymguly etrabyndan 64 kg agram derejede Baýramdurdy Nurmuhammedow bäsleşigiň altyn medalyna, Balkanabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň okuwçysy Resul Jumaýew 60 kg agram derejede hormatly 2-nji orna mynasyp bolup, kümüş medala mynasyp bolmagy başardylar.

Bäsleşikde baýrakly orna eýe bolan türgenlere Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hormat hatlary, şeýle hem Türkmenistanyň Boks federasiýasynyň medallary we sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Saparnepes Atabaýew,

Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän umumybilim berýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň mugallymy