«ÝAŞ HABARÇY» BÄSLEŞIGINE
“ÜZÄRLIK – ÝÜZ DERDIŇ DERMANY” ATLY WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI.
“Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany” ýylynyň her bir güni ýatdan çykmajak şanly wakalara, toý-baýramlara, joşgunly çärelere, ylmy maslahatlara beslenýär.
Şeýle çäreleriň biri hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi bilen welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilelikde guraldy. Bu wagyz-nesihat çäresi “Üzärlik – ýüz derdiň dermany” diýip atlandyrylyp, halkymyzyň ýüzýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan lukmançylyk, sagdyn durmuş ýörelgelerine bagyşlandy.
Çärä Ýaşlar Guramasynyň welaýat Geňeşiniň başlygy, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory, saglygy goraýyş we bilim pudagyndan wekiller, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Ýakymly pursatlar hakydada ebedilik orun alýar. Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler Alym Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy ensiklopediýalaryny halkymyza peşgeş bermegi, onuň birinji jildinde üzärligiň häsiýeti, ýaşaýyş aýratynlygy, ýaýrawy, tebigy gory, dermanlyk häsiýeti, himiki düzümi, peýdalanylyşynyň düşündirilýändigi, bu keramatly ösümligiň türkmenleriň arasynda gadym zamanlardan bäri ulanylyp gelinýändigi dogrusynda çykyş etdiler.
Saparnepes Atabaýew,
Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän umumybilim berýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň mugallymy