DIÝARYMYZ HALKARA YK­DY­SA­DY GI­ŇIŞ­LI­GIN­DE

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiz diwersifikasiýa ýoly bilen ynamly ösdürilýär. Bu ugurda ýurdumyz bilen dünýäniň ençeme döwletleri, iri halkara ykdysady guramalary işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýarlar. Ykdysady kuwwatymyz halkara giňişliginde möhüm orny eýeleýär. Munuň şeýledigine 15-16-njy aprelde Daşary işler ministrliginde geçirilen mejlisler, duşuşyklar we geňeşmeler hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Ykdysady gatnaşyklar barha giňeldiler

15-nji aprelde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginiň maslahatlar zalynda «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» çäklerinde 2020-nji ýyl üçin hereketleriň meýilnamasyny ornaşdyrmak boýunça Utgaşdyryjy toparyň birinji mejlisi geçirildi.

Duşuşyga ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Mejlisiň, Ylymlar akademiýasynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenler gatnaşdylar.

Mejlisiň barşynda ady agzalan maksatnamanyň ähmiýeti barada çykyşlar hem-de ony durmuşa geçirmek boýunça Meýilnamanyň birinji çärýekde ýerine ýetirilişi barada hasabatlar diňlenildi we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, ady agzalan konseptual resminama milli Liderimiziň başlangyjy boýunça daşary ykdysady işleri toplumlaýyn esasda ösdürmek, şeýle hem onuň syýasy-hukuk esaslaryny has-da kämilleşdirmek maksady bilen işlenip taýýarlanyldy. Şonuň bilen birlikde, maksatnama Türkmenistanyň daşary ýurtlar, halkara guramalar, şol sanda maliýe we ykdysady düzümler bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilendir.

Ýygnananlaryň pikirine görä, maksatnamanyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň degişli ugurda öňde goýan möhüm wezipeleriniň üstünlikli amala aşyrylmagy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň berkemegine, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam eder. Şunda daşary ykdysady işlere gatnaşyjylar bilen söwda, maýa goýum hem-de ylmy-tehnologik hyzmatdaşlyk ýaly usullar aýratyn zerur bolup durýar.

Bäsdeşlige ukyply ulgamlaryň ösüşi işjeňleşdiriler.

15-nji aprelde Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) girmegi bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Ýygnananlar Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna girmeginiň, ilkinji nobatda, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply ulgamlarynyň ösüşini işjeňleşdirjekdigini nygtadylar.

Hususan-da, bular uglewodorod serişdelerine, gazy we nebiti gaýtadan işleýän döwrebap önümçilikleriň gurulmagyna degişli ulgamlardyr. Bütindünýä söwda guramasyna kabul edilenden soň, döwlete ähli halkara guramalaryň has amatly şertleri degişli bolýar, ykdysady ýeňillikler berilýär.

Şeýlelikde, BSG-ä girmek boýunça alnyp barylýan işler Türkmenistanyň dünýäde geljekde eýelejek ornunyň berkidilmegine, ählumumy işlere işjeň gatnaşmak bilen birlikde, özüniň bäsdeşlige ukyply artykmaçlyklaryny has oňaýly peýdalanmak mümkinçiligine gönükdirilendir. Bu bolsa döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki ykdysady derejesiniň ýokarlanmagyna getirer, karzlaryň we maýa goýumlaryň gelmegine kömek eder.

Ýurdumyz dünýäniň sergiler giňişligine çykarylar

15-nji aprelde Daşary işler ministrliginde Halkara sergiler býurosynyň baş sekretary Dimitri Kerkentzes bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Wideomaslahatyň barşynda taraplar dürli meseleler boýunça Türkmenistanyň hem-de Halkara sergiler býurosynyň (HSB) arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini hem-de Dubaýda geçiriljek EKSPO halkara sergisiniň ähmiýetini bellediler.

Ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda HSB tarapyndan bilermenler maslahat beriş hem-de Türkmenistanyň eksport harytlarynyň we hyzmatlarynyň wirtual sergisini guramak boýunça onuň taslamasy üçin kömek bermek bilen bagly meseleler gepleşikleriň esasyny düzdi.

Türkmenistan Halkara sergiler hakynda Konwensiýa gatnaşyjy hem-de Halkara sergiler býurosynyň agzasy hökmünde degişli ugurda öňdebaryjy işläp düzmeleri we tehnologiýalary ornaşdyrmaga çalyşýar. Şunuň bilen baglylykda, Halkara sergiler býurosy bilen hyzmatdaşlykda tejribe alyşmak, iň gowy işleri öwrenmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň netijeli daşary syýasy strategiýany amala aşyrmagy bilen baglylykda, geçirilýän bilelikdäki çäre halkara gatnaşyklary giňeltmäge, ýurdumyzyň dünýäniň sergiler giňişligine, şol sanda wirtual sergilere gatnaşmagyna ýardam eder diýip bellediler.

Türk­me­nis­tan — Uk­rai­na: özara gatnaşyklar ösdürilýär

15-nji aprelde göni wideoaragatnaşyk arkaly Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky nobatdaky türkmen-ukrain geňeşmeleri geçirildi. Onuň barşynda iki ýurduň gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi, birnäçe ugurlarda özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça mundan beýläk geçiriljek çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag ulgamlary ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.

Geňeşmelere gatnaşanlar deňhukuklylyk, netijelilik esasynda ýola goýulýan döwletara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge özara gyzyklanmalary tassyklap, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ukrain toparynyň işini güýçlendirmegiň wajypdygyny bellediler.

Taraplar häzirki zaman türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolan medeni-ynsanperwer ulgama hem uly üns berdiler. Şeýle hem ylym, bilim we saglygy goraýyş ugurlary boýunça döwletara hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. Halkara meseleleriň möhüm ugurlary hem gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar döwrüň möhüm meselelerini, ilkinji nobatda, parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmaga, sebit hem-de dünýä möçberinde durnukly ösüş üçin şertleri üpjün etmäge degişli meseleleriň çözülmegine iki ýurduň eýerýän ýörelgeleriniň we çemeleşmeleriniň ýakynlygyny nygtadylar.

Onlaýn duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Türkmenistanyň we Ukrainanyň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak hemde hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiligini amala aşyrmaga ýardam berýän Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky yzygiderli geňeşmeleri geçirmek işini dowam etmek babatda pikirlerini aýtdylar.

Eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy — geljegiň möhüm meselesi

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, howanyň üýtgemeginiň täsirini peseltmek we oňa uýgunlaşmak boýunça hereketleriň milli meýilnamasyny taýýarlamak ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Muňa mysal edip, 16-njy aprelde Daşary işler ministrliginde «Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa: suw serişdeleri, daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi ugurlarynda hyzmatdaşlyk» atly taslamanyň (WECOOP) sebitleýin ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen wideomaslahaty agzamak bolar.

Bu gezekki wideomaslahatyň dowamynda suw serişdelerini durnukly dolandyrmak boýunça bilelikdäki taslamalar we degişli çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Olary «ÝB — Merkezi Aziýa: suw serişdeleri, daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi ugurlarynda hyzmatdaşlyk» taslamasynyň üçünji tapgyrynyň çäklerinde ÝB-niň goldaw bermeginde amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Olary «ÝB — Merkezi Aziýa: suw serişdeleri, daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi ugurlarynda hyzmatdaşlyk» taslamasynyň üçünji tapgyrynyň çäklerinde ÝB-niň goldaw bermeginde amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Intellektual eýeçilik halkara tejribesinde

16-njy aprelde Daşary işler ministrliginde sanly wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Onda intellektual eýeçiligiň hukuklary, awtorlyk hukugyny goramakda tejribe alyşmak, şeýle hem maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmak arkaly okuw maksatnamalaryny we gollanmalaryny işläp taýýarlamak boýunça halkara tejribäni öwrenmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Foruma Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasynyň bilermenleri, ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, ýaşlary intellektual eýeçiligiň meseleleri bilen tanyşdyrmak döredijilik işiniň höweslendirilmeginiň, beýleki adamlaryň hukuklaryna hormat goýmak zerurlygynyň ösdürilmeginde intellektual hukugyň ähmiýetini düşündirmekden ybaratdyr.

Wideomaslahata gatnaşyjylar Marrakeş şertnamasyna goşulmak hakyndaky meselä hem garadylar. Munuň özi ilkinji awtorlyk hukugy hakyndaky şertnamadyr. Işewürlik we tehnika ulgamlaryndaky özgerişleriň şertlerinde awtorlyk hukugyny goramagyň wajyplygynyň ýokarlanýandygy nygtalyp, türkmen tarapynyň özara gatnaşyklary giňeltmek we bu ulgamdaky bilelikdäki taslamalary ýerine ýetirmegiň mümkinçilikleri boýunça gelip gowuşýan ähli tekliplere garamaga we olary öwrenmäge taýýardygy bellenildi.

“Nesil” gazeti,

18.04.2020ý.