SAG­LYK — IŇ ÝOKARY GYMMATLYK

19-njy aprelde hormatly Prezidentimiz welosipedli ýörişi amala aşyryp, paýtagtymyzyň günorta künjeginde alnyp barylýan gurluşyk işlerini synlady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, sport we bedenterbiýe döredijilik başlangyçlaryny, olary durmuşa geçirmäge bolan maksada okgunlylygy höweslendirýän sagdynlygyň we güýjüň esasy çeşmesi bolup durýar.

Ir bilen milli Liderimiz ady rowaýata öwrülen Ýanardag atly ahalteke bedewiniň hormatyna dikeldilen binanyň ýanyna geldi. Şöhratly bedewiň altyn öwüşginli şekili paýtagtymyzyň Köpetdag şaýoly bilen Andalyp köçesiniň çatrygynyň merkezinde ajaýyp binagärlik keşbine öwrüldi. Bu binada Ýanardag bilen bilelikde taýçanagyň şekili janlandyryldy. Ol halkymyzyň milli atşynaslyk däpleriniň nesilden-nesle geçýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Döwlet Baştutanymyz «Ýanardag» binasynyň ýanynda welosipedli ýörişe başlady. Bu künjegiň gözelligi, gök öwüsýän baýyrlar sport bilen meşgullanmak üçin oňyn şerti üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiz welosipedli gezelenç mahalynda bu ýeriniň gözelliklerini synlady. Aşgabadyň bu künjeginde alnyp barylýan gurluşyk hem-de bagy-bossanlyga öwürmek boýunça çäreler okgunly ösýän paýtagtymyzyň gözelligini has-da artdyrýar.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň baharynyň birinji aýynda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek dabarasy boldy, onuň barşynda müňlerçe watandaşlarymyz bu umumymilli dabara hemişe badalga berýän milli Liderimiziň göreldesine eýerip, bu işe goşuldylar hem-de Watanymyzyň gülläp ösýän mekana öwrülmegine goşant goşdular. Şeýlelikde, ýurdumyz boýunça 1 million 604 müň 200 düýp bag nahallary ekildi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna beslenýän 2020-nji ýylda bolsa hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, jemi 10 million bag nahalyny ekmek bellenilýär. Hususan-da, paýtagtymyzyň töwereklerinde, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý we Bäherden etraplarynyň aralygynda saýaly, pürli, miweli agaç we üzüm nahallarynyň 5 milliony, welaýatlarda hem şol möçberde agaç nahallary ekiler.

Soňra hormatly Prezidentimiz soňky ýyllarda paýtagtymyzyň işewürlik merkeziniň kemala gelýän ýeri bolan günorta künjeginden Bitaraplyk binasyna tarap ugrady. Welosipedli ýörişiň dowamynda milli Liderimiz ýurdumyzyň Hökümet münberiniň binasynyň gurluşygy bilen tanyşdy. Häzirki wagtda Çandybil we Bekrewe şaýollarynyň çatrygynda Bütindünýä welosiped gününiň hormatyna bina edilýän ýadygärlik Aşgabadyň keşbini has-da gözelleşdirmäge ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz welosipedli ýörişiň dowamynda Aşgabadyň günorta tarapynda, bu künjekde gurluşygy alnyp barylýan desgalary synlady. Häzirki döwürde bu ýerde bina edilýän desgalaryň hatarynda Hökümet münberinden başga-da, Halk Maslahatynyň Diwanynyň binalar toplumy, Maslahatlar merkezi, kaşaň myhmanhana, şeýle hem «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň we «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň edara binalary gurulýar. Olar ýakyn geljekde ak mermerli paýtagtymyzyň nobatdaky ajaýyplyklaryna öwrülip, bir bitewi sazlaşygy emele getirerler. Döwlet Baştutanymyz welosipedli gidip barşyna gurulýan binalaryň şäheriň beýleki desgalary bilen sazlaşygy emele getirjek bezeg aýratynlyklaryna baha berdi.

Welosiped sporty ýeňşe bolan ynamy pugtalandyrýar, türgenlere güýç toplamaga ýardam berýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sportuň bu görnüşi ýokary derejeli ussatlar üçin bolşy ýaly, islendik adam üçin hem ünsüňi jemlemegi başarmak ýaly endigiň kemala gelmegine kömek berýär.

Sport bilen yzygiderli meşgullanmak adamlara boş wagtyny peýdaly geçirmäge ýardam berýär. Beden maşklary adamyň ünsüne we ýatkeşligine oňyn täsir edýär, pikirlenmek ukybyny güýçlendirýär, kämil şahsyýetiň kemala gelmegine ýardam berýär. Bedenterbiýe maksada ýetmek ugrunda tutanýerliligi, erki, zähmetsöýerligi terbiýeleýär.

Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň uly dabaralara beslenjek 2020-nji ýylyň bahar paslynyň ajaýyp gününde hormatly Prezidentimiz welosipedde 20 kilometr ýol aşyp, Bitaraplyk binasynyň ýanynda welosipedli ýörişi tamamlady.

“Nesil” gazeti,

21.04.2020ý.