Türkmenistanyň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty onuň dünýä bileleşiginde mynasyp orun almagyna ýardam etdi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýäniň iri halkara guramalary we döwletleri bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyklar alnyp barylýar. 22-nji aprelde milli Liderimiz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlik hem munuň nobatdaky subutnamasy boldy.
Taraplar Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda strategik häsiýetli däp bolan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, şeýle hem halkara gün tertibiniň has möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Şunda sebit howpsuzlygynyň we durnuklylygynyň wajyp şerti, häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmekde, döwletleriň we halklaryň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň netijeli guraly hökmünde Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň orny aýratyn nygtaldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Şunda döwlet Baştutanymyz dünýäde durnukly ýagdaýy gorap saklamak üçin Birleşen Milletler Guramasynyň edýän tagallalarynyň häzirki çylşyrymly döwürde raýdaşlyk ýagdaýyny döredýändigini hem-de ähli döwletleriň sazlaşykly hereket etmegi üçin esas bolup hyzmat edýändigini belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz çylşyrymly halkara meseleleri çözmegiň, gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň, olaryň sebäplerini aradan aýyrmagyň meseleleri barada aýtmak bilen, Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ştabkwartirasy ýerleşýän Türkmenistanyň mundan beýläk hem bu merkeziň alyp barýan işlerini ýakyndan goldajakdygyna, onuň möhüm sebit taslamalaryny we maksatnamalaryny amala aşyrmaga ýardam berjekdigine ynandyrdy.
Mundan başga-da, dünýäde hojalyk gatnaşyklarynyň möhüm bölekleriniň biri bolup durýan ulag serişdeleri meseleleri boýunça hem pikir alşyldy. Şu babatda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden durnukly ulag ulgamy boýunça üç sany Rezolýusiýany öňe sürmek bilen, Türkmenistan döwletimiz adatdan daşary ýagdaýlarda halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň durnukly işlemegini üpjün etmäge gönükdirilen täze halkara-hukuk usullaryny döretmek mümkinçiligine seretmegi teklip edýär.
Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş birek-birege saglyk we üstünlikler arzuw edip, uzakmöhletleýin esasda guralýan hem-de ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Telefon söhbetdeşligi BMG-niň Baş sekretarynyň başlangyjy boýunça geçirildi.
BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýene iki düzüminiň — Ykdysady we Durmuş geňeşiniň edaralarynyň düzümine girýän Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2021 — 2025-nji ýyllar döwri üçin we Ösüşiň bähbidine Ylym we tehnika boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2021 — 2024-nji ýyllar döwri üçin saýlanandygy baradaky nobatdaky hoş habar gelip gowuşdy.
Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öň ýanynda gelip gowşan bu hoş habar köptaraply hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine meýilleri hem-de ýurdumyzyň ählumumy hyzmatdaşlygyň bu iri meýdançasynda täsiriniň güýçlenýändigini tassyklady.
Bilşimiz ýaly, Türkmenistan özüniň iň gowy tejribesini bermek hem-de beýleki taraplaryň peýdaly tejribesini kabul etmek üçin işjeň hyzmatdaşlyga taýýardyr. Sebäbi öňde has iri maksatlar we wezipeler durýar. Ýurdumyzyň BMG-niň bu we beýleki düzümleriniň agzalygyna saýlanylmagy adamlaryň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna, biziň toplan durmuş-ykdysady ösüşde we toplumlaýyn özgertmeleri durmuşa geçirmekde, ýurdumyzyň okgunly ösýän döwletleriň hatarynda öňdäki orunlaryň birini eýelemegini üpjün edýän tejribämizi hasaba almak bilen, häzirki döwrüň ilkinji derejeli wezipelerini çözmekde geçirilýän çäreleriň hiliniň hem-de netijeliliginiň artdyrylmagyna gönükdirilen netijeli maslahatlary işläp taýýarlamaga mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyz geljekde hem Milletler Bileleşiginde öz üstüne ýüklenilen jogapkärli wezipäni mynasyp derejede ýerine ýetirip, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge hemmetaraplaýyn ýardam berer, özüniň parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini BMG-niň yglan eden Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine gönükdirer.
“Nesil” gazeti,
25.04.2020ý.