13-nji maýda hormatly Prezidentimiz dabaraly çärä — Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebine ussat mugallym, edermen esger Berdimuhamet Annaýewiň harby gulluk resminamalaryny gowşurmak dabarasyna gatnaşdy.
Türkmen topragynyň şöhratly oglunyň — milli Liderimiziň atasynyň — edermen söweşijiniň hem-de ussat mugallymyň durmuş ýoly häzirki döwürde türkmenistanlylaryň ýaş nesli üçin hakyky watançylygyň nusgasy bolup hyzmat edýär. Bu wakanyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda geçirilmegi dabara aýratyn ähmiýet we çuňňur many berdi.
Milli Liderimiz binanyň içine girip, atasy Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül dessesini goýdy.
Soňra harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary türkmen halkynyň şöhratly oglunyň, watançy esger, hemmeleriň hormat goýýan ynsany Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine tagzym etdiler. 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdep onuň adyny göterýär. Onuň söweş we ömür ýoly Watana söýginiň we gahrymançylygyň hakyky mysaly bolup, häzirki ýaşlar üçin edermenligiň, ahlaklylygyň, mukaddes harby we raýatlyk borja wepalylygyň nusgasyna öwrüldi.
Döwlet Baştutanymyz Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebe öz atasy — ussat mugallym, edermen esger B.Annaýewiň harby gulluk resminamalaryny resmi taýdan gowşurdy.
Ýaragly Güýçleriň düzümleriniň ýolbaşçylary Watana baky wepaly boljakdyklary, gahryman ata-babalarymyz ýaly janlaryny gaýgyrman, Watan goragynda mertlerçe durjakdyklary barada harby kasamy ýerine ýetirip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyny ynandyrdylar.
Fronta meýletin gidip, Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda mertlerçe söweşen ýefreýtor Berdimuhamet Annaýewiň söweş ýoluny beýan edýän resminamalary gowşurmak dabarasyndan soň, hormatly Prezidentimiz mekdebiň okuw otagyna baryp, harby okuwçylara gymmatly öwüt-ündewlerini we atalyk pendini berdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ähli görkezijiler babatda ýokary halkara ülňülere laýyk derejede enjamlaşdyrylan ýöriteleşdirilen mekdebiň her bir okuwçysy üçin watançylyk kasamy baş ýörelgä öwrülmelidir. Okuwlaryny üstünlikli özleşdirmekleri, jogapkärli wezipeleri çözmek üçin zerur bolan ukyp-başarnyklaryny ele almaklary, harby okuwlara işjeň gatnaşmaklary we öz hünärlerine ussatlyk bilen erk etmekleri, Watany goramak ýaly belent harby borja wepaly bolmaklary olaryň mukaddes maksatlary bolup durýar.
«Meniň atam Berdimuhamet Annaýew hem 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň ýalynly ýyllarynda özi arza berip, aldym-berdimli söweş meýdanyna meýletin gidýär, sebäbi ol halkyň ykbalynyň çözülýän ýerinde — söweş meýdanynda bolmagy hökmany borjy hasap edipdir» diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz bagtyýarlyk döwrümizde Watan goragçylarynyň hünär derejesiniň we at-abraýynyň has-da beýgelýändigini, geljekde-de ýurdumyzda ýokary hünärli harby işgärleriň taýýarlanylmagyna uly ähmiýet beriljekdigini nygtady. Eziz Watanymyzyň howpsuzlygy biziň üçin ähli zatdan ileridir diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de dünýäde parahatçylygy goramak adamzadyň iň uly arzuwydyr diýip, sözüni dowam etdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri bolsa Watany gala bolup goramaga taýýardygyny görkezýär. Watany goraýan harby gullukçylarymyz halkymyzyň gerçeklik mekdebiniň mynasyp dowamydyr. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri merdana ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüji, dost-doganlyk ýörelgelerini, gahrymançylyga beslenen harby däplerini dowam edip, goranmak häsiýetli kuwwatly goşuna öwrüldi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz harby okuwçylaryň hemişe harby borçlaryny ak ýürek bilen berjaý etmelidiklerine, Watana we harby kasama wepaly bolmagyň belent nusgasyny görkezmelidiklerine olaryň ünsüni çekdi. Şunuň bilen birlikde, olaryň halkymyzyň Watany söýmek, gaýduwsyzlyk we mertlik ýaly belent häsiýetlerini mynasyp dowam etmelidiklerine, Garaşsyz döwletimiziň, mähriban halkymyzyň sarsmaz galasy we polat galkany bolmalydyklaryna aýratyn üns çekildi. Ol wezipeleriň Watan goragçylarynyň belent borjudygyny nygtap, hormatly Prezidentimiz harby okuwçylaryň şol borjy abraý bilen berjaý etjekdiklerine berk ynam bildirdi.
Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiň okuwçylary bu ýerde harby bilimi, hünärleri ele almaga, okuwdan boş wagtlaryny peýdaly geçirmäge döredilen şertler üçin ýurdumyzyň Belent Serkerdebaşysyna çuňňur hoşallyklaryny aýtdylar.
Harby okuwçylaryň täze harby tehnikalaryň nusgalaryndan peýdalanylýan okuw işiniň aýratynlyklary barada gürrüň berdiler. Munuň özi okuwçylara öňdebaryjy tehnologiýalara erk etmegiň diňe bir nazary däl, eýsem, amaly başarnyklaryny ele almaga hem mümkinçilik berýär. Şeýle hem bu ýerde çagalary beden taýdan taýýarlamak üçin hem hemme mümkinçilikler bar. Okuwçylaryň arasynda ýaryşlaryň guralmagy olary sportda ýokary gazanylanlar bilen meşgullanmaga itergi berýär.
Harby okuwçylar Gahryman Arkadagymyza atalyk aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňde goýlan beýik maksatlara üstünlikli ýetmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna milli Liderimizi ynandyrdylar.
Soňra hormatly Prezidentimiz harby okuwçylaryň geljekde haýsy hünäriň eýesi bolmagy arzuw edýändikleri bilen gyzyklandy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzir ýurdumyzda islendik hünäriň eýesi bolmak üçin ähli zerur şertler hem-de mümkinçilikler bar. Ähli ugurlarda bolşy ýaly, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda täzeçil tehnologiýalar, sanly ulgam işjeň ornaşdyrylýar. Bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bularyň ählisi ýaş nesilleriň öz islegine görä hünär saýlamagyna giň mümkinçilikleri açýar.
Döwlet Baştutanymyz ýörite okuw mekdepleriniň okuwçylarynyň harby ylmyň gazananlary, söweşjeň tehnikalaryň döwrebap nusgalary barada habarly bolmaklary hem-de öz işiniň ussatlaryna öwrülmegi üçin toplumlaýyn çäreleriň görülmelidigini degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ýurdumyzda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygynyň hormatyna guralan dabaralaryň barşynda Russiýa Federasiýasynyň Goranmak ministrliginden uruş ýyllarynyň söweşjeň sapançasynyň ýadygärlik hökmünde gowşurylandygyny aýtdy. Bu sapança köp taryhy hem-de söweşjeň wakalaryň şaýady hökmünde häzirki nesiller üçin mukaddes gymmatlykdyr. Onuň taryhynda wepat bolan gahrymanlaryň görkezen edermenligi, söweş meýdanlarynyň gandöküşikli uruşlary, aýgytlaýjy hüjümler we beýik ýeňişler ýatyr.
Onda azat ediji goşunyň gaýduwsyz esgerleriniň gahrymançylygyna beslenen ýatlamalaryň bardygyny, hut şonuň üçin hem bu ýadygärligiň ýaşlaryň ruhuny göterjekdigini, olaryň beýik maksatlara ýetmeginde ýol görkeziji bolup hyzmat etjekdigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz bu gymmatly ýadygärligi B.Annaýewiň adyny göterýän 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebe gowşurýandygyny mälim etdi.
Soňra watançy esger B.Annaýewiň adyny göterýän harby mekdebiň okuwçylary Döwlet kasamyny ýerine ýetirdiler hem-de milli Liderimiz bilen özleri üçin beýik nusga bolup durýan B.Annaýewiň heýkeliniň öňünde ýadygärlik surata düşdüler.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow harby okuwçylara okuwlarynda uly üstünlikleri, durmuşda dogry orun tapmaklaryny, Watana wepaly bolmaklaryny arzuw edip, dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
“Nesil” gazeti,
16.05.2020ý.