IŞ­LER SAZ­LA­ŞYK­LY WE TA­LA­BA­LA­ÝYK UT­GAŞ­DY­RYL­ÝAR

22-nji maýda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän düzümlerindäki alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Mejlisiň Başlygy Milli Parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri barada maglumat berdi. Milli Liderimiz wise-premýerleriň hasabatlaryny degişli yzygiderlilikde diňläp, ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi, anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, häzirki şertlerde Döwlet býujetiniň serişdeleriniň we eksporta iberilen harytlaryň hem-de ýerine ýetirilen hyzmatlaryň hasabyna gelip gowşan serişdeleriň ulanylyşyna berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny belledi. «Pul ätiýaçlyk goruny döretmek hakynda» Karara gol çekip, hormatly Prezidentimiz degişli wise-premýere öňde goýlan wezipeleriň gyşarnyksyz ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçiligi ýola goýmagy tabşyrdy.

Mejlisde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy üçin dürli görnüşli serişdeleri satyn almak baradaky Kararyň taslamasyna gol çekip, milli Liderimiz nebitgaz senagatyny ösdürmekde alnyp barylýan işler, şeýle hem Kararda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek babatda degişli wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde Diýarymyzda oba hojalygyny ösdürmek üçin zerur şertler bar. Oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak üçin dünýäniň bu ugurdaky öňdebaryjy tejribesiniň öwrenilmegi we ornaşdyrylmagy, häzirki zaman ylmynyň hem-de hususy telekeçiligiň mümkinçilikleriniň doly peýdalanylmagy zerurdyr.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisde hormatly Prezidentimiz aragatnaşyk ulgamynda geljegi uly meýilnamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmek babatda anyk çäreleriň görülýändigini aýtdy. Bu babatda iri taslamalary amala aşyryp, ýurdumyz ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryna we täzeçil tehnologiýalara esaslanýar. Munda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasyna möhüm orun degişlidir.

Milli Liderimiz 31-nji maýda Söwda-senagat edarasynda Diýarymyzyň haly we dokma pudaklarynyň ýeten derejesine hem-de söwda ulgamynda gazanylan üstünliklere bagyşlanyp geçiriljek sergi-ýarmarkasynyň, türkmen halyşynaslarynyň Bütindünýä jemgyýetiniň 20-nji mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi degişli wise-premýere tabşyrdy, bu babatda degişli görkezmeleri berdi.

Şeýle hem mejlisde döwlet Baştutanymyz ýaş nesilleri halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň ruhunda terbiýelemegiň häzirki döwürde öňde durýan möhüm wezipeleriň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Kararyň taslamasyna gol çekip, hormatly Prezidentimiz onda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda degişli wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda, şol sanda ýokanç keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça toplan tejribesini paýlaşmaga hemişe taýýardygyny aýdyp, milli Liderimiz şunuň bilen bagly Karara gol çekdi, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna BMG hem-de onuň ugurdaş edaralary bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz mejlisde döwletimiziň, jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynyň ösüşine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmegiň çäklerinde Mejlisiň meýilnamalaýyn işleri alyp barmagynyň wajypdygyny belledi.

Mundan başga-da, milli Liderimiz serkerdeleriň ussatlyk derejesini ýokarlandyrmaga hemde amaly, jemgyýetçilik-syýasy we beden taýdan taýýarlygyna aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Hukuk goraýjy düzümleriň öňünde durýan wajyp wezipelere ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz wisepremýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisini tamamlap, hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

“Nesil” gazeti,

26.05.2020ý.