28-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzyň baş şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän Gurtly kölüniň çäginde döredilýän dynç alyş maksatly binalaryň gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy.
Milli Liderimizi ir säher bilen kölüň kenarynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi garşyladylar. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, bu kölüň kenarynda döwrebap dynç alyş düzümi kemala gelýär. Dynç alyş maksatly desgalaryň gurluşygyna badalga berilmegi bu ýerde medeni-dynç alyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ýolunda möhüm tapgyrdyr.
Hormatly Prezidentimiz bu ýerde özboluşly tebigy aýratynlyklaryň, ýakymly howa gurşawynyň bardygyny belläp, kölüň kenarynda şäher ilatynyň, şol sanda çagalaryň wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirmeklerine gönükdirilen döwrebap dynç alyş düzüminiň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, bu ýerde dynç alýan dürli ýaşdaky adamlaryň dynç almagy üçin niýetlenen desgalar bilen bir hatarda, suw attraksionlaryny hem öz içine alýan iri toplumyň gurulmagy hem-de degişli düzümleriň döredilmegi wajypdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer milli Liderimiziň garamagyna kölüň kenarynda üç zolak boýunça gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalaryny, hususan-da, tomusky çaýhanalar, azyk harytlary dükany, sport we oýun meýdançalary, ulular we çagalar üçin niýetlenilen dynç alyş bassyrmalary, şeýle hem işgärler üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlary, saglyk nokady, «Tiz kömek» ulaglary üçin awtoduralga we gözegçilik diňleri ýaly desgalaryň çyzgylaryny görkezdi. Görkezilen taslamalar bilen tanşyp, döwlet Baştutanymyz olara birnäçe bellikleri aýtdy we düzedişleri girizdi, bu ýerde paýtagtymyzyň ilaty hem-de onuň myhmanlary üçin häzirki zaman ähli amatlyklary bolan dynç alyş zolagynyň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde ýurdumyzyň telekeçileriniň gatnaşmagynda kottej jaýlarynyň, çaýhanalaryň, kafeleriň, restoranlaryň gurulmagy babatda teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. Bu künjegiň arassaçylyk, abadançylyk derejesi, ýokary ekologiýa ýagdaýy hemişe üns merkezinde saklanylmalydyr. Mundan başga-da, kölüň kenarynda meýilleşdirilen işler alnyp barylýan pursatlarynda tertip-düzgüniň, ýangyn howpsuzlygynyň berjaý edilmegi, halas ediş gulluklarynyň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagy möhüm talap bolup durýar.
Soňra milli Liderimiz kölüň suwunyň arassaçylyk derejesi, suwuň aýlanyşy bilen gyzyklanyp, suw ulagynda kölde ýüzüşi amala aşyrdy hem-de Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň hünärmenleriniň taýýarlan taslamalary bilen tanyşdy. Şolaryň hatarynda sport meýdançalary, dükanlar we hyzmatlar ulgamyna degişli binalar we durmuş üpjünçiligi desgalary bar. Binalaryň ýokary hilini üpjün etmegiň häzirki döwrüň möhüm talabydygyna, kölüň kenarynda döredilýän dynç alyş toplumynyň ähli ilatymyz üçin elýeterli bolmagy, mahabat edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň wajypdygyna ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz bu işleriň talabalaýyk ýola goýulmagy babatda anyk görkezmeleri berdi. Bu ýerde sportuň suw görnüşlerini söýýänler üçin ähli şertleriň döredilmelidigini, suw ulagynyň täze nusgalaryny satyn almagyň mümkinçiliklerine garamagyň, bu ýerde dürli sport ýaryşlaryny guramak üçin ýörite meýdançalary taýýarlamagyň möhümdigini nygtap, döwlet Baştutanymyz zerur bolan ýagdaýynda kölüň kenaryna Garagumyň altyn öwüşginli çägelerini düşemegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Bir söz bilen aýdylanda, hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzyň etegindäki ajaýyp kölüň kenarynda medeni-dynç alyş zolagyny döretmek baradaky başlangyjy halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine gönükdirilendir. Munuň özi ýurdumyzda türkmenistanlylaryň abadançylygy baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
“Nesil” gazeti,
30.05.2020ý.